Sanly ulgamyň ähmiýeti

25 Aprel 2021
1306

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeler ähli ulgamda ylmyň döwrebap gazananlaryny, toplanan oňyn tejribeleri, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgeleri täze öwüşginde durmuşa ornaşdyrmaga ýardam edýär. Dürli ugurlarda sanly ulgama geçilmegi adam zähmetini ýeňilleşdirmek bilen, has netijeli häsiýete eýe bolýar. Sanly ulgam özüňe gerek bolan maglumatlary gysga wagtda toplamaga, degişli işleri ýerine ýetirmäge, olary seljermäge, geljekki wezipeleri aýdyň kesgitlemäge we maksatnamalary taýýarlamaga we olaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli bilim ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, multimedia tagtalary, lingafon otaglary bilen üpjün edildi. Olaryň üsti täze tehnologiýalar we dünýä tejribesi bilen yzygiderli doldurylýar. Şeýle hem ata Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň bilim baýlygyny artdyrmak ugrunda daşary ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýulýar. Ýylyň-ýylyna türkmen ýaşlary daşary ýurtlarda geçirilýän taslama, ders bäsleşiklerine, internet ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ýeten sepgitleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Aýna BERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.