Kämil terbiýe mekdebi

21 Aprel 2021
1208

Parahat, asuda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesil terbiýesi barada uly alada edilýär. Çagasyny eziz, edebini ondanam eziz hasaplaýan halkymyz ähli döwürde hem çaga terbiýesine aýratyn üns beripdir. «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» diýlişi ýaly, rowaýatlarda, ertekilerde beýan edilýän wakalaryň, nakyllarda, hüwdülerde aýdylýan pähim-paýhasly pikirleriň üsti bilen çagalara durmuş terbiýesi berlipdir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň ylym-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli bolup ýetişmegi babatdaky kämil ýörelgelerimiz dowam etdirilýär. Durmuşymyzyň gülleri bolan çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, milli ruhda terbiýelenmegi, okamagy üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda hem çaga terbiýesi baradaky gymmatly pikirler öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan rowaýatlaryň, hekaýatlaryň üsti bilen okyjylara ýetirilýär. Milli terbiýeçilik mekdebimiziň asyrlaryň geçmegi bilen ösdürilip, kämil nusgada biziň şu günlerimize gelip ýetmeginde asyrlaryň synagyndan geçen ýörelgelerimiziň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Bu ýörelgeler watançy, ilhalar, zähmetsöýer, halal nesilleriň kemala gelmegini şertlendiripdir. 

Ogulbagt HALLYÝEWA,
Hazar şäherindäki 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.