"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Abadan ýaşaýşyň hyzmatynda

Suw abadan ýaşaýşyň, ilatyň sagdyn bolmagyny gazanmagyň esasy şertleriniň biridir. Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bar, suwuň bol ýerinde gülläp ösüş bar. Şu hakykatdan ugur almak bilen, geçen ýyllarda «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany» üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda uly möçberli işler bitirildi. Şonuň netijesinde Lebap welaýatynyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Bu möhüm işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň başarjaň hünärmenleri maksada okgunly ýagdaýda gatnaşýarlar. — Gündogar welaýatyň obadyr şäherlerini agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen ýerasty suwlaryň täze ýataklaryny agtaryp tapmak, olaryň goruny anyklamak boýunça gözleg işlerini alyp barýarys. Golaýda möhüm taslamalaryň ikisini üstünlikli tamamladyk — diýip, baş geolog Şanazar Anarow bizi geçen döwürde ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdyrdy.

Halkara göçme forumy geçiriler

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýar. Şol maksat bilen şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde halkara göçme forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu forumda milli ykdysadyýetimiziň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler. Türkmenistany ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly önümçilik düzümli senagat ýurduna öwürmek esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi.

Ykdysady kuwwat — berk binýat (Ösüşleriň röwşen ýoly)

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän elektrik energetika pudagynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýäde uly energetiki kuwwata eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän, sarp edýän ýurtlaryň bähbitlerini deň tutmaga esaslanýan ählumumy energetika howpsuzlygynyň durnukly arhitekturasyny döretmäge çalyşýar. Bu günki gün türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň barha pugtalanýandygyny, bu pudakdaky iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini dolulygyna subut edýär.

Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzaýan demir ýol gatnawy şu ýylyň birinji çärýeginde 44% ösdi

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýanyň üsti bilen demirýol arkaly Hytaýdan Ýewropa konteýner daşamagyň mukdary 44% artyp, bu görkeziji 90 müň TEU ýetdi. Şeýle maglumatlar «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary, şol marka bilen hereket edýän Ulag hyzmatlary merkeziniň (CFTS) başlygy Alekseý Şilo tarapyndan geçirilen brifingde žurnalistlere ýetirildi. Ol «Russiýanyň demir ýollarynyň» 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň netijeleri boýunça üstaşyr gatnawyň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 30-40% ýokarlanmagyna garaşýandygyny belleýär. «Hytaý—Ýewropa» üstaşyr demir ýol ugry Gyzyl deňizde ýüze çykan dartgynlyk sebäpli, halkara ýük ekspeditorlary tarapyndan, ilkinji nobatda, Gazagystanyň we Belarusyň üstünden uzaýan iň gysga ýol boýunça gaýtadan ulanylyp başlandy. Ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, birnäçe gämi gatnaw kompaniýalarynyň gämileriniň Afrikany aýlanyp, Ýewropa tarap ýola düşmegini we bu ugra 3600 deňiz miliniň ýa-da üstaşyr 20 günüň goşulmagyny saýlamagyny şertlendirdi. Şu şertlerde Russiýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa çenli has gysga we amatly gury ýer ýük daşaýjylary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.

Dünýäniň howa ýük gatnawy fewral aýynda ösüş depginini saklady

Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA) habaryna görä, fewral aýynda dünýäniň raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy 2023-nji ýylyň fewraly bilen deňeşdirilende 11,9% artyp, 19,7 milliard tonna/kilometre ýetdi. Howa gatnawlary boýunça ýük daşamaga bolan isleg yzygiderli üçünji aýda iki ugurdaky nyrh boýunça ösýär: ol ýanwar aýynda 18,4%, 2023-nji ýylyň dekabrynda — geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,8% ýokarlandy. Halkara ugurlar boýunça fewral aýynyň ýük dolanyşygy geçen ýylyň degişli bölegi bilen deňeşdirilende, 12,4% artdy, ulag möçberiniň iň ýokary mukdary Afrikada (22%) we Ýakyn Gündogarda (20,9%) hem ösdi, Demirgazyk Amerikada iň kiçi derejedäki ösüş (4.2%) bellige alyndy. Howa ýük bazaryndaky üpjünçilik dekabr aýynyň iň ýokary derejesinden az-kem peselmegini dowam etdirdi: fewral aýynda bazaryň kuwwaty 43,8 milliard tonna/kilometr boldy. Şeýle-de bolsa, görkeziji bir ýyl ozalkydan 13,4%, 2022-nji ýylyň fewral aýyndan 20,6% artykdyr. IATA elýeterli ýük kuwwatynyň köpelmeginiň sebäbini köp sanly ýolagçy uçarynyň gatnawlar üçin gaýdyp gelmegi (geçen ýyl bilen deňeşdirilende 29,5% ýokarlanmagy), mysal üçin ýük awiakompaniýalarynyň halkara howa ýollaryndaky (ýylda bary-ýogy 3,2% ýokarlandy) ugurlary üpjün etmegi bilen düşündirýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 31 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna, Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Gruziýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, nebit bitumyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 20 million 590 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Söwda toplumy: gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler

3 — 5-nji aprel aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçirildi. Nobatdaky gözden geçirilişde ýurdumyzyň söwda-ykdysady taýdan ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapdy. Üstünlikli geçen bu sergä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümleridir kärhanalary gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda «Türkmenetsüýtsöwda», «Türkmenbakaleýa» lomaý-bölek söwda kärhanalaryny, «Howdan-Bajgyran» söwda firmasyny, Aşgabat şäheriniň Bazarlar birleşigini, şeýle hem ilkinji gezek gatnaşýan Arkadag şäher Söwda müdirligini görkezmek bolar. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň önümçilik-söwda guramalary, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri hem öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Şeýle hem sergide «Mizan» täjirçilik merkezi, «Ruhubelent», «Altyn Ýyldyz» kärhanasy, «Parahat» medeni-dynç alyş merkezi, «Altyn asyr» söwda merkezi jemgyýetçilik iýmiti pudagyndaky hyzmatlaryň ugurlary bilen sergä gelenleri giňişleýin tanyşdyrdylar. Sergide ýurdumyzdaky Kompýuter tehnologiýalary merkeziniň hyzmatlary, «Türkmenlomaýdaşarysöwda» birleşiginiň kärhanalary, «Altyn damja», «Tut», «Sada suw» kärhanalarynyň agyz suwlary we dürli görnüşli içgilerine uly orun berildi. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň diwarlygynda hem ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeli ýo

Altynyň unsiýasy 2300 dollara çenli gymmatlady

Geçen hepdäniň çarşenbe gününde altynyň bahasy täze rekord goýdy. Gymmat bahaly metalyň bir unsiýasy 2306,25 amerikan dollaryna ýetdi. Geçen hepdäniň çarşenbe güni Çikago söwda biržasynda (CME) iýun altyn şertnamasynyň bahasy 1,18 göterim ýokarlanyp, bir unsiýasy 2308,8 amerikan dollary boldy. Bu taryhda iň ýokary dereje boldy.Gymmat bahaly metalyň bahasy yzygiderli 7 gün bäri ýokarlanmagyny dowam edýär.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETE GEÇMEGIŇ ÖSEN TEJRIBESI: HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Meýilnamada kesgitlenen maksatlara ýetmek üçin durmuşa geçirilmeli möhüm üç sany wezipe görkezilýär. Bu wezipeler, esasan, sebit häkimiýetleriniň derejesinde çözülmäge degişlidir.

Sanly ykdysadyýetiň söwda gatnaşyklarynyň ösmegindäki täsiri

Sanly ykdysadyýet – informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamy. Sanly ykdysadyýet adalgasy häzirki wagtda syýasatçylar, ykdysadyýetçiler we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu adalga ilkinji gezek 1995-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan teklip edilýär. Ol bu adalgany ozalky ykdysadyýet bilen deňeşdireniňde, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň okgunly ösmegi netijesinde kemala gelýän täze ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanylypdyr.

Ýyllyk 8 göterim ösüş

ýa-da täjik ykdysadyýetine syn Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 4-5-nji aprelde Täjigistanda resmi saparda boldy. Saparyň çäklerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we beýleki ýokary wezipeli döwlet işgärleri bilen geçiren duşuşyklarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Şuny göz öňünde tutmak bilen, gazetimiziň şu günki sanynda okyjylary Täjigistanyň ykdysadyýeti bilen tanyşdyrmagy müwessa bildik.

Ýurdumyzyň söwda toplumy üstünlikli ösdürilýär

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Munuň şeýledigini 3-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp görmegi nobatdaky gezek aýdyň tassyklaýar. Ilkinji nobatda, ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümler we hususyýetçiler tarapyndan guralan serginiň milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň kuwwatlanýandygynyň, olaryň Diýarymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrülendigini bellemek gerek. Çünki sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragynyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny tapdy.

Aeroflot awiakompaniýasynyň uçarlary gondurmagyň täze tertibi ýangyjy hem-de wagty tygşytlar

Russiýanyň Aeroflot awiakompaniýasy hem-de Aeronawigasiýa boýunça döwlet korporasiýasy uçarlary gondurmagyň täze tertibini ulanmaga başladylar. Bu barada The Moscow Times kompaniýanyň wekillerine salgylanyp habar berýär. Uçarlary gondurmagyň täze usuly uçuş wagtyndan bäş minut, şeýle hem ýangyjy tygşytlamaga mümkinçilik berer. Hasaplamalara görä ýylyň ahyryna çenli ýangyç tygşytlylygy «Аэрофлот» üçin 18,6 müň tonna, «России» 7,4 müň tonna, «Победа» üçin bolsa 5,6 müň tonna deň bolar.

Amatly iş şertlerinde

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde şu ýylyň başyndan bäri 929,5 tonna nah ýüplük öndürildi. Onuň pul möçberindäki bahasy bolsa 24 million 890 müň manatlykdan geçdi. Önümiň bir bölegi içerki ulanyjylara, bir bölegi bolsa daşary ýurtly müşderilere iberildi. Biziň fabrigimizde oturdylan enjamlar milli baýlygymyz bolan ak pagtany egirmek üçin niýetlenendir. Kärhanamyzda iş üç çalşykda alnyp barylýar. Onda 570-e ýakyn hünärmen zähmet çekýär. Öz ugurlary boýunça ýeterlik tejribe toplan çalşyk ussalary Kurbanmurat Öräýew, Eziz Imamow, Serdar Ýadygärow, Babamurat Areşow ýaly hünärmenler enjamlary dolandyrmagyň, olara tehniki hyzmat etmegiň kämil usullaryny ýaşlara-da öwredýärler.

Türkmenistan yklymara ulag geçelgesine öwrülmek üçin netijeli işleri alyp barýar

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Wadim Şagiahmedowyň pikirine görä, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryny birleşdirýän yklymara ulag geçelgesine öwrülmek üçin ynamly hereket edýär. Bilermen ýurduň Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin işjeň hereketiň dowam edýändigini belleýär. Ýurtda täze köprüler gurulýar, häzirki zaman ýokary tizlikli awtoulag ýollary we demir ýollar gurulýar we howa, deňiz ýollary ösdürilýär. Türkmenistan ulag pudagynda özara peýdaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi yzygiderli goldaýar.

Häzirki zaman meýilleri we innowasion çözgütler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenilýär.

Aşgabatda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi geçirilýär

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Bu sergi milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, kuwwatyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüş ugurlaryny aýdyň şöhlelendirýär. Bu ýerde dürli ugurlarda iş alyp barýan söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragy öz öndürýän ýokary hilli önümlerini, hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýärler. ...Sergiler merkezinde guralan aýdym-sazly çykyşlar sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ruhuny belende göterdi. Däp bolan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

TULM Gruziýanyň portlaryndan Türkmenistanyň şäherlerine konteýner gatnawlarynyň ýeňillikli nyrhlaryny hödürleýär

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) CASCA+ Halkara Multimodal ugry boýynça Gruziýanyň Poti we Batumi portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň üsti bilen Türkmenistanyň aýry-aýry şäherlerine konteýner gatnawlarynyň aýratyn ýeňillikli nyrhlaryny hödürleýär. Bu barada TULM sişenbe güni habar berdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň habar bermegine görä, bahanyň möçberine eksport/import boýunça gümrük amallary, howpsuzlyk, ätiýaçlandyryş, birinji mil hem-de Poti we Batumi portlaryndaky port tölegleri we THC girmeýär.

2024-nji ýylyň fewralynda Hazar basseýniniň ýük dolanyşygy: gaplanan ýükleriň daşalmagy ýokarlandy

2024-nji ýylyň fewralynda Hazar basseýnindäki portlaryň ýük dolanyşygy 2023-nji ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende, 47,6% ýokarlandy. «SeaNews PORTSTAT» seljeriş onlaýn-hyzmaty tarapyndan berlen maglumatda aýdylyşy ýaly, eksport 85,9%, import 85,4% ýokarlandy. Tranzitde bolsa 2023-nji ýylyň şol aýy bilen deňeşdirilende, 10,6% az ýük dolanyşygy bellige alyndy. Kabotaž 12,9% azaldy.

Häzirki zaman meýilleri we innowasion çözgütler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenilýär.