Ýurdumyzyň söwda toplumy üstünlikli ösdürilýär

5 Aprel 2024
258

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Munuň şeýledigini 3-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp görmegi nobatdaky gezek aýdyň tassyklaýar.

Ilkinji nobatda, ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümler we hususyýetçiler tarapyndan guralan serginiň milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň kuwwatlanýandygynyň, olaryň Diýarymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrülendigini bellemek gerek. Çünki sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragynyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny tapdy.

«Nesil».