Amatly iş şertlerinde

4 Aprel 2024
220

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde şu ýylyň başyndan bäri 929,5 tonna nah ýüplük öndürildi. Onuň pul möçberindäki bahasy bolsa 24 million 890 müň manatlykdan geçdi. Önümiň bir bölegi içerki ulanyjylara, bir bölegi bolsa daşary ýurtly müşderilere iberildi.

Biziň fabrigimizde oturdylan enjamlar milli baýlygymyz bolan ak pagtany egirmek üçin niýetlenendir. Kärhanamyzda iş üç çalşykda alnyp barylýar. Onda 570-e ýakyn hünärmen zähmet çekýär. Öz ugurlary boýunça ýeterlik tejribe toplan çalşyk ussalary Kurbanmurat Öräýew, Eziz Imamow, Serdar Ýadygärow, Babamurat Areşow ýaly hünärmenler enjamlary dolandyrmagyň, olara tehniki hyzmat etmegiň kämil usullaryny ýaşlara-da öwredýärler.

Gülbahar DURDYÝEWA,
Türkmenabadyň pagta egriji fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.