Ykdysady kuwwat — berk binýat (Ösüşleriň röwşen ýoly)

8 Aprel 2024
238

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän elektrik energetika pudagynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Dünýäde uly energetiki kuwwata eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän, sarp edýän ýurtlaryň bähbitlerini deň tutmaga esaslanýan ählumumy energetika howpsuzlygynyň durnukly arhitekturasyny döretmäge çalyşýar. Bu günki gün türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň barha pugtalanýandygyny, bu pudakdaky iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini dolulygyna subut edýär.

Mährijemal IGDIROWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.