Aeroflot awiakompaniýasynyň uçarlary gondurmagyň täze tertibi ýangyjy hem-de wagty tygşytlar

5 Aprel 2024
139

Russiýanyň Aeroflot awiakompaniýasy hem-de Aeronawigasiýa boýunça döwlet korporasiýasy uçarlary gondurmagyň täze tertibini ulanmaga başladylar. Bu barada The Moscow Times kompaniýanyň wekillerine salgylanyp habar berýär.

Uçarlary gondurmagyň täze usuly uçuş wagtyndan bäş minut, şeýle hem ýangyjy tygşytlamaga mümkinçilik berer. Hasaplamalara görä ýylyň ahyryna çenli ýangyç tygşytlylygy «Аэрофлот» üçin 18,6 müň tonna, «России» 7,4 müň tonna, «Победа» üçin bolsa 5,6 müň tonna deň bolar.