Sanly ykdysadyýetiň söwda gatnaşyklarynyň ösmegindäki täsiri

7 Aprel 2024
140

Sanly ykdysadyýet – informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamy. Sanly ykdysadyýet adalgasy häzirki wagtda syýasatçylar, ykdysadyýetçiler we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu adalga ilkinji gezek 1995-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan teklip edilýär. Ol bu adalgany ozalky ykdysadyýet bilen deňeşdireniňde, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň okgunly ösmegi netijesinde kemala gelýän täze ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanylypdyr.

Osman Begmuradow,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maglumat tehnologiýasy fakultetiniň talyby.