2024-nji ýylyň fewralynda Hazar basseýniniň ýük dolanyşygy: gaplanan ýükleriň daşalmagy ýokarlandy

4 Aprel 2024
232

2024-nji ýylyň fewralynda Hazar basseýnindäki portlaryň ýük dolanyşygy 2023-nji ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende, 47,6% ýokarlandy.

«SeaNews PORTSTAT» seljeriş onlaýn-hyzmaty tarapyndan berlen maglumatda aýdylyşy ýaly, eksport 85,9%, import 85,4% ýokarlandy. Tranzitde bolsa 2023-nji ýylyň şol aýy bilen deňeşdirilende, 10,6% az ýük dolanyşygy bellige alyndy. Kabotaž 12,9% azaldy.