TULM Gruziýanyň portlaryndan Türkmenistanyň şäherlerine konteýner gatnawlarynyň ýeňillikli nyrhlaryny hödürleýär

4 Aprel 2024
125

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) CASCA+ Halkara Multimodal ugry boýynça Gruziýanyň Poti we Batumi portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň üsti bilen Türkmenistanyň aýry-aýry şäherlerine konteýner gatnawlarynyň aýratyn ýeňillikli nyrhlaryny hödürleýär. Bu barada TULM sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň habar bermegine görä, bahanyň möçberine eksport/import boýunça gümrük amallary, howpsuzlyk, ätiýaçlandyryş, birinji mil hem-de Poti we Batumi portlaryndaky port tölegleri we THC girmeýär.