Halkara göçme forumy geçiriler

8 Aprel 2024
196

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýar. Şol maksat bilen şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde halkara göçme forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu forumda milli ykdysadyýetimiziň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler.

Türkmenistany ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly önümçilik düzümli senagat ýurduna öwürmek esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi.

Ýunus BABAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.