"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Bähbitli işleri ilerledip

Ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda möhüm orun eýeleýän ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara giňişlige çykmak, ýolagçy we ýük daşamalaryny artdyrmak, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda köp sanly maksatnamalaýyn işler ýola goýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji üç aýynda hem bu babatdaky işleriň ýokary depginde dowam etdirilendigi, ýagny ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 118,1 göterime deň bolmagy muňa aýdyň mysaldyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada aýdylanda bolsa toplumyň ýurdumyzyň döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalara sanly ulgamy ornaşdyrmak, ozalkylarynyň täze innowasion usullar, işläp taýýarlamalar bilen üstüni ýetirmek boýunça önjeýli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek bolar.

Müşderisi ýetik önümler

Milli ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 6-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen nah matalaryň önümçiliginiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,5 göterime, tikin we trikotaž önümçiliginiň 103,3 göterime, gön önümleriniň 109,5 göterime barabar bolandygy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz dokma kärhanalaryny netijeli dolandyrmak, öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bular barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Gazanylýan netijeler dokma senagatyna näderejede üns berilýändiginiň güwäsi. Bu gün ýurdumyzda sebitde iň iri hem döwrebap dokma toplumlary, fabrikler hereket edýär. Diňe bir paýtagtymyzyň mysalynda alanymyzda-da, soňky ýyllarda açylan «Gala», «Nusaý», «Bürgüt», «Altyn asyr» harytşynaslyk merkezini, «Goza», «Bedew», «Ýeňiş», «Panbarhat» dükanlaryny görnüşi, reňki, döwrebap biçüwi, dizaýn bezegi taýdan biri-birini gaýtalamaýan dokma önümleri bezeýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili, hil taýdan ýokary, ekologiýa taýdan arassa önümler dünýä bazarlarynda mynasyp orna eýedir. Güneşli Diýarymyz dokmaçylykda eksporty işjeň ösdürýän ýurtlaryň hatarynda-da giňden tanalýar.

Adam maýasy — ykdysady ösüşde möhüm şert

Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda ýurduň intellektual serişdelerini hem-de adam maýasyny netijeli peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda hem bu ugra aýratyn orun berilýär. Uzak ýyllaryň dowamynda dünýä belli ykdysatçylary gyzyklandyryp gelýän iň möhüm meseleleriň biri-de ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüniň nämede jemlenýändigini kesgitlemek bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda zähmet bölünişigi, girdejiniň we maýanyň artmagy, maýa goýumlaryň özleşdirilmegi, esasy önümçilik serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, tehnikalaryň kämilleşdirilmegi ýaly köp sanly şertleriň ähmiýeti baradaky pikirler orta atylsa-da, uzak wagtyň dowamynda adam maýasynyň ähmiýetine ýeterlik üns çekilmändir. Dünýä tejribesi has ösen döwletleriň bir topary üçin durmuş-ykdysady ösüşiň umumy kanunalaýyklyklarynyň bardygyny görkezýär. Ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlary tapawutlandyrýan aýratynlyk önümçilik we sarp ediş gatnaşyklarynyň merkezinde adamyň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu günki gün aýratyn alnan guramanyň ýa-da tutuş jemgyýetiň ösüş depginini we derejesini hut adam maýasy kesgitleýär diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Şu nukdaýnazardan, esasy önümçilik serişdeleri ykdysady ösüşiň ikinji derejeli şertine

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ýük daşamagyň mukdaryny artdyrdy

Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2023-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 14,1 % ýokarlandy we 586,5 müň tonna ýetdi. Bu barada mmf.com.tm saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 133,3% ýerine ýetirildi.

«MSC» Batumidäki hyzmatynyň gerimini giňeldýär

«Mediterranean Shipping Company» («MSC») aprel aýynyň ortalaryndan Batuminiň deňiz portuna girýän «Batumi halkara konteýner terminalyndaky» (BICT) («International Container Terminal Services Inc – ICTSI» korporasiýasynyň düzümine girýär) hyzmatlarynyň dolanyşygyny giňeldýär. «ICTSI» tarapyndan berlen habarda täzelenen hyzmatlaryň dolanyşygynyň aşakdaky ugurlary özünde jemleýändigi aýdylýar: Tekirdag – Derinçe – Aliaga – Narsaşlokk – Alžir – Kasablanka – Siniş – Walensiýa – Joýýa-Tauro – Burgas – Batumi.  

Işleri ileri nebitçiler

Diýarymyzyň günbatar sebitinde nebiti, tebigy we ugurdaş gazlary, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag, ulanyş guýularyny burawlamagy, ýangyç çig malyny turba geçirijiler arkaly ibermegi, gaz gysyjy we saýlaýjy desgalary gurmagy, abadanlaşdyrmagy, guýularyň düýpli hem ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän kärhanalaryň onlarçasyny özünde birleşdirýän «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça şu ýylyň ilkinji üç aýynda çykarylan «gara altynyň» we mawy ýangyjyň möçberi, degişlilikde, 904 müň tonna we 1 milliard 2 million kub metre golaýlady. Bu görkezijiler «gara altynyň» hem-de mawy ýangyjyň bellenilen meýilnamalardan artyk çykarylandygyndan habar berýär. Şu döwürde hereket edýän guýulardan alnan nebit çig malynyň 704 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Häzirki zamanyň kämil buraw desgalaryna eýe bolan konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestine degişli müdirlikler tarapyndan gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 37 müň 841 metre ýetirilip, tabşyryga 102,5 göterim hötde gelindi. Şonuň ýaly-da, ulanyş we gözleg maksatly täze guýulary gazmagyň umumy meýilnamasy 102,5 göterim amal edildi. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleri boýunça önümçilige tabşyrylan ulanyş maksatly guýularyň sany 7-ä ýetirildi.

Awtoban — döwrebaplygyň nusgasy

Durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde gurulýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyryp, ýolagçylaryň gatnadylyşyny we ýükleriň daşalyşyny kämilleşdirmäge, logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan bu ýoluň Aşgabat — Tejen aralygyndaky birinji tapgyry 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary we Türkmenabat şäherlerini birikdirýän üçünji tapgyrynyň gurluşygyna bolsa şu ýylyň ýanwarynda badalga berildi. Baş potratçy bolup çykyş edýän «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýoluň gurluşygy we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri «Ata Melhem» hususy kärhanasy, «Edermen» we «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan amala aşyrylýar.

El hünäri il gezer

Türkmende: «El hünäri il gezer» diýen ajaýyp pähim bar. Üýtgeşik nagyşly owadan halylarymyzyň hyrydary köp. Ene-mamalarymyzyň göz we göwün nurundan döräp, nesilme-nesil geçip gelen halylarymyz gaýtalanmajak sungat eseridir. Gelin-gyzlarymyz olara özleriniň isleg-arzuwlaryny, ýürek buýsançlaryny, mähir-söýgüsini sünnäläp siňdirýärler. Halyda halkymyzyň ýol-ýörelgeleri, şöhratly taryhy, häzirki bagtyýar durmuşy, buýsançly geljegi öz beýanyny tapýar. Şeýle bolansoň türkmeniň owadan halylary dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda ir ertirden giç agşama çenli zähmet mukamy joş urýar. Bu ýerde eli çeper gelin-gyzlaryň 1800-e golaýy zähmet çekýär. Olaryň hemmesi hem öz işine ussat halyçylar. Şeýle bolansoň kärhananyň iş öndürijiligi barha artýar. Ýyllyk we aýlyk meýilnamalar artygy bilen berjaý edilýär. Şu wagta çenli ýyllyk görkezijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 110 göterime deň boldy.

Amatly hyzmatlar we kämil tölegler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär, hili ýokarlandyrylýar. «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Dänew etrap şahamçasy tarapyndan hem ilata hyzmat etmegiň usullary yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlar üçin ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna gönükdirilen nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzlar hem hödürlenilýär. Şol bir wagtyň özünde raýatlaryň erkin pul serişdelerini dolanyşyga çekmek hem-de olaryň möçberini artdyrmak, pulhana amallary bilen baglanyşykly çykdajylary azaltmak, ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegleri almak hem ýeňilleşýär.

Ýaşlaryň iş üpjünçiligine goşant

Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary netijesinde welaýatymyzyň ykdysady we medeni durmuşy gün-günden özgerýär. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, etrabymyzda kuwwatly desganyň — Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işine ak pata bermegi şanly döwrümize bolan buýsanjymyzy has hem artdyrdy. Tebigy baýlyklara baý bolan sebitimizde şeýle senagat we gurluşyk kärhanalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine kuwwatly itergi beren wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzyň gurluşyk pudagy üçin ýokary hilli önümleri öndürmek mümkinçiligine eýe bolan şeýle kärhananyň işe girizilmegi şol bir wagtyň özünde ilatyň, esasan hem, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini ep-esli gowulandyrdy. Kuwwatly desgada täze iş orunlarynyň ýene-de 250-den gowragy döredildi. Özi-de dünýä meşhur kompaniýalaryň enjamlary ornaşdyrylan şeýle desgalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň döwrebap tehnologiýalara, döwrüň soňky gazananlaryna erjellik bilen erk edip bilmekleri ýurdumyzda kämil bilimli ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ykjam taýýarlyk görülýär

Welaýatymyzyň ýüpekçileri ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin ykjam taýýarlyk görýärler. Gurçuk tohumlaryny janlandyrmak üçin etrabyň çäginde iki ýerde ýöriteleşdirilen jaýlar bildirilýän talaplara laýyklykda doly taýýar edildi. Ýüpekçi kärendeçiler ýüpek gurçuklarynyň saklanjak jaýlaryny möwsüme taýýarlaýarlar. Ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg etmek barada gürrüňdeşlik geçirilip, ýüpekçiler bilen şertnama baglaşylýar, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl welaýatymyzda 685 gap gurçukdan 25 tonna pile öndürmek maksat edinilýär. Magtymguly etrabynda 548 gap ýüpek gurçugyndan 20 tonna pile, Gyzylarbat etrabynda 110 gap gurçukdan 4 tonna, Bereket etrabynda hem 27 gap gurçukdan 1 tonna pile almak göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar

Ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde durnukly ösüş ýoluna düşdi. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ähli pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň senagat ulgamynda hem maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle netijeli işleriň alnyp barylmagy söwda toplumynyň ähli ugurlaryny kämilleşdirýär. Hereket edýän ulgamlaryň çäginde döwrebap tehniki serişdeleriň ornaşdyrylmagy önümleriň hil taýdan kämilleşmegine giň ýol açýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň içeri we daşary ykdysady syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýän söwda toplumy halk hojalygynyň çalt depginde ösýän ugruna öwrüldi. Bu ulgamda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmeginiň düýp maksady, milli ykdysadyýetimiziň ösüşini hil taýdan täze derejelere çykarmakdan, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar. Söwda we hyzmatlar ulgamynyň ýokary derejelere çykarylmagy milli özgertmelerimiziň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň beýany bolup durýar. Şeýle-de ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu toplumyň ösüşi esasynda, milli önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçilikleriniň giň gerime eýe bolýandygyny hem bellemek gerek.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

ÖSEN TEHNOLOGIÝA — ÝOKARY GÖRKEZIJILER Garaşsyz döwletimiz ykdysady ösüşleriň rowaç ýoly bilen öňe barýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna kämil tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylýar. Şeýle öňegidişlikler elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlary we talyby guwanç duýgularyny beýan edýärler.

«Türkmenhowaýollary» üç aýlyk meýilnamany 164,7 göterim berjaý etdi

«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça şu ýylyň ilkinji üç aýynda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilen mukdary 164,7 göterime deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň ýylyň üç aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlsiinde hasabat berdi. Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 105,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 101,7 göterime barabar boldy.

Geçen ýyl Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda $120 milliona golaýlady

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 118,36 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “Biznes reklama” gazeti duşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde Täjigistan Türkmenistandan nebit, pagta ýagy, sement ýaly dürli önümleri we harytlary satyn alýar. Türkmenistan hem öz gezeginde Täjigistandan alýumin we oba hojalyk önümlerini import edýär.

Sanly ykdysadyýet – ygtybarly ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Bu günki günde durmuşa geçirilýän işler halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini nazarlaýar. Şunda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, iş üpjünçiliginiň derejesi, durmuş taýdan goraglylygy esasy ölçegleriň hataryna degişlidir. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda halka hyzmat etmegiň möhüm guraly bolan kanunçylygyň ösdürilmegi, barha kämilleşdirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzda ykdysady ösüşiň durnuklylygyna gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Raýatlaryň zähmet işine bolan konstitusion hukuklary ygtybarly goralýar we şahsyýetiň durmuş ülňüleriniň ýokary derejesi üpjün edilýär hem-de ilatyň durmuş goraglylygy kepillendirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli başlangyçlar, beýik işler halkyň abadan durmuşyna gönükdirilýär. Hut şonuň üçin hem halkyň hal-ýagdaýy has-da gowulanyp, ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar. Munuň özi häzirki döwürde halk bähbitli işleriň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýandygyny, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ykdysady işi kadalaşdyrmak, maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmak üstün

Belent maksatlar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar, döwrebap özgertmeler bilen üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri halkyň bähbidini nazarlap, aýdyň geljegimizi üpjün edýär. Häzirki döwürde ylmyň we sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi netijesinde täze mümkinçilikler döredilýär. Şunda sanly tehnologiýalara düşünýän we milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşup bilýän ýaşlaryň kemala gelmegi möhümdir. Ylymly-bilimli hünärmenler bolsa ösüşiň hereketlendiriji güýji hasaplanýar. Häzirki döwür ösüşleriň we täze tehnologiýalaryň zamanasy hasaplanylýar. Dünýäde bolup geçýän özgerişlikler, ylmy-tehnologik babatynda amala aşyrylýan bimöçber öňegidişlikler ýurdumyzyň ösüşine öz täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda jemgyýeti we ykdysadyýeti ylymsyz we tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dürli ugurlarda bolşy ýaly, ykdysadyýetde hem sanly tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy, sanly ulgamyň ösüşi işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynda möhüm guraldyr. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri her bir raýata elýeterli bolup, gündelik durmuşymyzda örän köp ýeňillikleri döredýär.

Senagatlaşmagyň batly gadamlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli we asylly başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň innowasion ösüşine mahsus amala aşyrylýar. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakda halkymyzyň milli garaýyşlaryndan, ýerli tebigatymyzyň aýratynlyklaryndan we dünýä tejribesinden ugur alynýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň maksatnamalaýyn we toplumlaýyn häsiýetli ykdysady syýasaty häzirki zaman ylmynyň gazananlaryndan, innowasion tehnologiýalaryndan hemmetaraplaýyn peýdalanmaga, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Türkmenistany tebigy çig maly gaýtadan işleýän iri senagat merkezine, ýokary hilli harytlary öndürýän ýurda öwürmeklik maksat edinilýär. Şunda iri möçberli taslamalaryň, maýa goýumlaryň esasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň özleşdirilmegine, öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ata Watanymyzda daşary ýurtlardan getirilýän senagat harytlarynyň ornuny tutýan, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilýän görnüşlerini, mukdaryny artdyrmak, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek üçin täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigi ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga tabşyrylýan durmuş-ykdysady, medeni-ýaşaýyş maks

«Balkan» zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gämileri abatlamak, gurmak boýunça hyzmatlaryny gün-günden kämilleşdirýär. 5-nji aprelde «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde guruljak ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileri üçin Halkara deňiz guramasy tarapyndan «IMO Resolution A.1078» (28) rezalýusiýasyna laýyklykda IMO belgileri alyndy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

«RDÝ-Hyzmatdaş» žurnaly 2023-nji ýylda wagonlaryň önümçiliginiň bazary hem-de abatlanylyşy boýunça ýyllyk seljeriş işlerini geçirdi

«Russiýanyň demir ýollary» žurnalynyň redaksiýasy geçen ýyl boýunça «Ýük wagonlaryň önümçiliginiň bazary we abatlanylyşy. Ýylyň jemi»  atly derňew işlerini geçirdi. Ýyllyk barlag-seljeriş maglumatlary geçen döwürde bazara monitoring gözegçilik işlerini geçirmek, parky saklamak üçin çykdajylary seljermek, şeýle hem kazyýetden öňki we kazyýet işlerinde peýdalanmak üçin ulanylyp bilner.