Müşderisi ýetik önümler

13 Aprel 2024
301

Milli ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 6-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen nah matalaryň önümçiliginiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,5 göterime, tikin we trikotaž önümçiliginiň 103,3 göterime, gön önümleriniň 109,5 göterime barabar bolandygy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz dokma kärhanalaryny netijeli dolandyrmak, öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bular barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Gazanylýan netijeler dokma senagatyna näderejede üns berilýändiginiň güwäsi. Bu gün ýurdumyzda sebitde iň iri hem döwrebap dokma toplumlary, fabrikler hereket edýär. Diňe bir paýtagtymyzyň mysalynda alanymyzda-da, soňky ýyllarda açylan «Gala», «Nusaý», «Bürgüt», «Altyn asyr» harytşynaslyk merkezini, «Goza», «Bedew», «Ýeňiş», «Panbarhat» dükanlaryny görnüşi, reňki, döwrebap biçüwi, dizaýn bezegi taýdan biri-birini gaýtalamaýan dokma önümleri bezeýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili, hil taýdan ýokary, ekologiýa taýdan arassa önümler dünýä bazarlarynda mynasyp orna eýedir. Güneşli Diýarymyz dokmaçylykda eksporty işjeň ösdürýän ýurtlaryň hatarynda-da giňden tanalýar.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».