El hünäri il gezer

10 Aprel 2024
328

Türkmende: «El hünäri il gezer» diýen ajaýyp pähim bar. Üýtgeşik nagyşly owadan halylarymyzyň hyrydary köp. Ene-mamalarymyzyň göz we göwün nurundan döräp, nesilme-nesil geçip gelen halylarymyz gaýtalanmajak sungat eseridir. Gelin-gyzlarymyz olara özleriniň isleg-arzuwlaryny, ýürek buýsançlaryny, mähir-söýgüsini sünnäläp siňdirýärler. Halyda halkymyzyň ýol-ýörelgeleri, şöhratly taryhy, häzirki bagtyýar durmuşy, buýsançly geljegi öz beýanyny tapýar. Şeýle bolansoň türkmeniň owadan halylary dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär.

Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda ir ertirden giç agşama çenli zähmet mukamy joş urýar. Bu ýerde eli çeper gelin-gyzlaryň 1800-e golaýy zähmet çekýär. Olaryň hemmesi hem öz işine ussat halyçylar. Şeýle bolansoň kärhananyň iş öndürijiligi barha artýar. Ýyllyk we aýlyk meýilnamalar artygy bilen berjaý edilýär. Şu wagta çenli ýyllyk görkezijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 110 göterime deň boldy.

Ödegeldi KULYÝEW.
Surata düşüren awtor.