Işleri ileri nebitçiler

12 Aprel 2024
636

Diýarymyzyň günbatar sebitinde nebiti, tebigy we ugurdaş gazlary, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag, ulanyş guýularyny burawlamagy, ýangyç çig malyny turba geçirijiler arkaly ibermegi, gaz gysyjy we saýlaýjy desgalary gurmagy, abadanlaşdyrmagy, guýularyň düýpli hem ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän kärhanalaryň onlarçasyny özünde birleşdirýän «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça şu ýylyň ilkinji üç aýynda çykarylan «gara altynyň» we mawy ýangyjyň möçberi, degişlilikde, 904 müň tonna we 1 milliard 2 million kub metre golaýlady. Bu görkezijiler «gara altynyň» hem-de mawy ýangyjyň bellenilen meýilnamalardan artyk çykarylandygyndan habar berýär.

Şu döwürde hereket edýän guýulardan alnan nebit çig malynyň 704 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Häzirki zamanyň kämil buraw desgalaryna eýe bolan konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestine degişli müdirlikler tarapyndan gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 37 müň 841 metre ýetirilip, tabşyryga 102,5 göterim hötde gelindi. Şonuň ýaly-da, ulanyş we gözleg maksatly täze guýulary gazmagyň umumy meýilnamasy 102,5 göterim amal edildi. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleri boýunça önümçilige tabşyrylan ulanyş maksatly guýularyň sany 7-ä ýetirildi.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.