Bähbitli işleri ilerledip

13 Aprel 2024
300

Ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda möhüm orun eýeleýän ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara giňişlige çykmak, ýolagçy we ýük daşamalaryny artdyrmak, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda köp sanly maksatnamalaýyn işler ýola goýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji üç aýynda hem bu babatdaky işleriň ýokary depginde dowam etdirilendigi, ýagny ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 118,1 göterime deň bolmagy muňa aýdyň mysaldyr.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada aýdylanda bolsa toplumyň ýurdumyzyň döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalara sanly ulgamy ornaşdyrmak, ozalkylarynyň täze innowasion usullar, işläp taýýarlamalar bilen üstüni ýetirmek boýunça önjeýli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek bolar.

Gahryman SÖÝÜNOW.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty.