Amatly hyzmatlar we kämil tölegler

10 Aprel 2024
289

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär, hili ýokarlandyrylýar. «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Dänew etrap şahamçasy tarapyndan hem ilata hyzmat etmegiň usullary yzygiderli kämilleşdirilýär.

Raýatlar üçin ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna gönükdirilen nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzlar hem hödürlenilýär. Şol bir wagtyň özünde raýatlaryň erkin pul serişdelerini dolanyşyga çekmek hem-de olaryň möçberini artdyrmak, pulhana amallary bilen baglanyşykly çykdajylary azaltmak, ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegleri almak hem ýeňilleşýär.

Zagina NARGULYÝEWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Dänew etrap şahamçasynyň esasy hünärmeni.