Ýaşlaryň iş üpjünçiligine goşant

10 Aprel 2024
263

Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary netijesinde welaýatymyzyň ykdysady we medeni durmuşy gün-günden özgerýär.

Bahar paslynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, etrabymyzda kuwwatly desganyň — Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işine ak pata bermegi şanly döwrümize bolan buýsanjymyzy has hem artdyrdy. Tebigy baýlyklara baý bolan sebitimizde şeýle senagat we gurluşyk kärhanalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine kuwwatly itergi beren wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzyň gurluşyk pudagy üçin ýokary hilli önümleri öndürmek mümkinçiligine eýe bolan şeýle kärhananyň işe girizilmegi şol bir wagtyň özünde ilatyň, esasan hem, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini ep-esli gowulandyrdy. Kuwwatly desgada täze iş orunlarynyň ýene-de 250-den gowragy döredildi. Özi-de dünýä meşhur kompaniýalaryň enjamlary ornaşdyrylan şeýle desgalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň döwrebap tehnologiýalara, döwrüň soňky gazananlaryna erjellik bilen erk edip bilmekleri ýurdumyzda kämil bilimli ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwletgeldi ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.