Belent maksatlar rowaçlanýar

9 Aprel 2024
346

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar, döwrebap özgertmeler bilen üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri halkyň bähbidini nazarlap, aýdyň geljegimizi üpjün edýär. Häzirki döwürde ylmyň we sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegi netijesinde täze mümkinçilikler döredilýär. Şunda sanly tehnologiýalara düşünýän we milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşup bilýän ýaşlaryň kemala gelmegi möhümdir. Ylymly-bilimli hünärmenler bolsa ösüşiň hereketlendiriji güýji hasaplanýar.

Häzirki döwür ösüşleriň we täze tehnologiýalaryň zamanasy hasaplanylýar. Dünýäde bolup geçýän özgerişlikler, ylmy-tehnologik babatynda amala aşyrylýan bimöçber öňegidişlikler ýurdumyzyň ösüşine öz täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda jemgyýeti we ykdysadyýeti ylymsyz we tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dürli ugurlarda bolşy ýaly, ykdysadyýetde hem sanly tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy, sanly ulgamyň ösüşi işleriň sazlaşykly ýola goýulmagynda möhüm guraldyr. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri her bir raýata elýeterli bolup, gündelik durmuşymyzda örän köp ýeňillikleri döredýär.

Gülkamar GANDYMOWA,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.