Ykjam taýýarlyk görülýär

10 Aprel 2024
219

Welaýatymyzyň ýüpekçileri ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin ykjam taýýarlyk görýärler. Gurçuk tohumlaryny janlandyrmak üçin etrabyň çäginde iki ýerde ýöriteleşdirilen jaýlar bildirilýän talaplara laýyklykda doly taýýar edildi. Ýüpekçi kärendeçiler ýüpek gurçuklarynyň saklanjak jaýlaryny möwsüme taýýarlaýarlar. Ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg etmek barada gürrüňdeşlik geçirilip, ýüpekçiler bilen şertnama baglaşylýar, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça işler durmuşa geçirilýär.

Şu ýyl welaýatymyzda 685 gap gurçukdan 25 tonna pile öndürmek maksat edinilýär. Magtymguly etrabynda 548 gap ýüpek gurçugyndan 20 tonna pile, Gyzylarbat etrabynda 110 gap gurçukdan 4 tonna, Bereket etrabynda hem 27 gap gurçukdan 1 tonna pile almak göz öňünde tutulýar.

Aýzada Muhammedowa,
«Balkan».