"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ylmy we taryhy çeşmelerden

Ömrüň bolsun, bäş ýüz ýyldan zyýada! Uzak ýaş, uzak ýaşamak bagty miýesser eden adamlar barada ýazmak höwesi köpleriň söýgüli neşiri bolan “Maru — şahu jahan” welaýat gazetinde Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda 120 ýaşa gadam basan Ajapsoltan Hajyýewa baradaky makalany okanymdan soň döredi.

Baý taryhly mekan

Hormatly Prezidentimiziň 4-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň Täze ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen Karara gol çekmegi, şonuň esasynda guramaçylyk toparynyň döredilmegi, onuň düzüminiň tassyklanmagy, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy göwün göteriji duýgulary döretdi. Bu resminama geljek ýylda welaýatymyzyň Änew şäherinde ýaýbaňlandyryljak çärelere häzirden ýokary derejede taýýarlyk görülýändiginiň we oňa aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Änew baý taryha eýe bolan gadymy künjekdir. Geçmişde ösen medeniýetiň ojagy hökmünde meşhurlyk gazanan bu taryhy mekanyň şan-şöhraty gaýtadan dabaralanýar. Beýik döwrümiziň döredijilik ruhundan galkynýan gadymy Änew şäheri bu gün barha özgerýär. Bir-birinden görkana durmuş-medeni, önümçilik maksatly binadyr desgalar, giň köçeler Änew şäheriniň döwrebap keşbine gözellik çaýýar. Şäheriň görnükli ýerinde bina edilen, binagärlik keşbi bilen göreniň akylyny haýrana goýýan Milli «Ak bugdaý» muzeýi uly gyzyklanma eýedir. Muzeýe gelýän syýahatçylar ol ýerde saklanýan gymmatlyklardyr maglumatlar arkaly gadymy Änewiň ekerançylygyň asyl mekanydygy bilen bagly hakykata göz ýetirýärler.

«...Senet däldir, ol sungatdyr»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti, milli däp-dessurlary, edebiýaty, sungaty dünýä derejesinde dabaralandyrylýar. Köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, nesillerimize arkama-arka geçip gelen milli el işlerimiz, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň gudraty bilen dörän halylarymyz, keçelerimiz, nepis keşdelerimiz, alajalarymyz ajaýyp sungat eserleri hökmünde äleme ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat», «Türkmen medeniýeti» atly kitaplarynda dünýä medeniýetine goşant goşan gelin-gyzlarymyzyň el hünärlerine bolan söýgi belent mukam bolup ýaňlanýar. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem enelerimiziň edep mekdebiniň ýörelgeleriniň biri bolan el işleriniň ähmiýeti edep-terbiýäniň gözbaşy hökmünde ýaýylýar.

Keşdesinde kalby görner

Ene-mamalarymyz gyz maşgala ýumşa ýarap başlanyndan, wagtyny boş geçirmezligi üçin onuň eline sapak berip, alaja işmegi, ellikdir jorap örmegi öwredip başlapdyrlar. Şol ilkinji başlangyçlar soňlugy bilen tikin-çatyna, haly-palas dokamaga baryp ýetipdir. Gelin-gyzlarymyzyň lybaslarynyň biçüwi, nagyşlary gitdigiçe kämilleşdirilip, olara döwre görä öwüşgin çaýylypdyr we bu däp häzir hem dowam etdirilýär. Ýöne şol el işleriniň haýsy birini alanyňda-da, onuň asyl nusgasynyň ýitirilmän saklanandygyna göz ýetirmek bolýar. «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýýän halkymyz her işiň başyna baranda, ony gadymy däp-dessurlarymyz, milliligimiz bilen aýrylmaz derejede baglanyşdyrýar. Biziň günlerimizde zenanlarymyzyň geýýän lybaslarynyň keşdelenen ýeň-ýakalary, çabytdyr donlarynyň, gelinleriň kürteleriniň, oglan-gyzlaryň tahýalarynyň nagyşlarynyň ählisi gadymy nusgalaryň täze öwüşgin çaýylyp, kämilleşdirilen görnüşleridir. Ir döwürlerde ene-mamalarymyz el keşdelerini köjeme görnüşinde bejeripdirler. Ilme, gaýma, basma, pugtama görnüşleri bolsa soň-soňlar ýüze çykypdyr. Köjemäniň edilişi beýleki el işlerine görä aňsadrak bolansoň, eli iňňe tutan gyzjagazlara, ilki bilen, şony öwredip başlapdyrlar. Keşde çekmegiň bu usuly iň gadymy görnüşleriň biri bolup, ol, esasan, Balkan welaýatynda has köp ulanylýar. Ilme usulynda salynýan nagyşlar gülsüz, düz matalarda ownuk sanjylyp salynýan nagyşlar bo

Hytaý: gadymy mirasyň hem-de täzeçil ösüşiň sazlaşygy

Geçmişiň baý mirasyndan ylham alyp, geljegiň uly mümkinçiliklerine tarap ynamly gadam urýan Hytaý täsinlikleriň ýurdy hökmünde dünýäniň ünsüni çekýär. Bu ýurt gadymy siwilizasiýanyň köpasyrlyk däpleriniň häzirki zaman durmuşynyň okgunlylygyndan emele gelýän sazlaşygy bilen haýran galdyrýar. Bizem dostlukly ýurduň taryhy, medeniýeti, ykdysady kuwwaty barada gürrüň berýän maglumatlar toplumyny okyjylara hödürleýäris. Umumy maglumatlar

Nepis sungat — keşdeçilik

Aýlanylsa Ýer ýüzüne,Jahan içre keşt edilip,Nepis sungatda gözüňe,Ilýäň täsin, keşdeçilik. Ýurdum, sen toýly mekanym,Belent ýaňlanýar mukamyň,Sanawynda ÝUNESKO-nyňÝer alansyň, keşdeçilik.

El hünäri il gezer

Milliligini tutuş süňňüne siňdirip bilen türkmen halky dörediji halkdyr. Döreden milli gymmatlyklaryny gadymyýetden şu günki güne çenli mukaddeslik hökmünde aýap saklap, älem-jahana ýaýypdyr. Türkmen özüniň döredijilik güýjüni topragynyň gyzgyn mährinden, tebigatyň gözelliklerinden, ene söýgüsinden, Watan mukaddesliginden alyp gaýdýar. Diýmek, halk döredijiliginiň islendik görnüşi özünde uly bir taryhy jemleýär. Özüniň ýiti zehinini, ruhy gözelligini el işlerine siňdirip bilen türkmen zenanynyň döredijilik ukybyna häzirki wagtda dünýä halklary haýran galýar. Hormatly Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen zenany — jadyly el sungaty bilen bu günki gün dünýäni özüne aşyk edýändir» diýip, jaýdar belleýär.

Änew medeniýetleriň gözbaşynda

(Başlangyjy gazetimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky sanynda) Hakykatdan-da, Änew baradaky taryhy maglumatlary okanyňda kalbyňy buýsanç duýgusy gaplaýar. Geliň, R.Pampelliniň ýazgylaryna üns bereliň: «Biziň eýýamymyza çenli IX asyrda Salmanasar II çenli Wawilonda we Assiriýada bir örküçli düýe barada ujypsyzja ýatlamalar düýeleriň günortada — Änewde dörändigi baradaky çaklamalary berkidýär. Granitiň esasy tebigy çeşmesiniň Hindiguş daglarynda ýerleşýändigi sebäpli, şolaryň Änewde duş gelmegi medeni gatnaşyklarynda özleriniň Änewdäki ata-babalary bilen çalymdaş bolan adamlaryň Günbatar ugrunda gündogar Eýrana ýa-da Baktriýa göçüp gelendiklerini görkezýär, munuň özi, hususan-da, biziň barlaglarymyzyň meselesi bolup durýar». Indi şu ýerde iki zada ser salasymyz gelýär. Olaryň biri, taryhy maglumatlarda ata-babalarymyzyň Babylda döwlet gurandygy baradaky beýan etmeler, beýlekisi bolsa Gomeriň «Iliada» eserindäki Girkaniýanyň ýakasynda ýaşaýan ilatyň göçüp barmagy, olaryň däp-dessurynda her hepdäniň dördünji güni tagamly naharlar bişirip, öten-geçenleri ýatlaýandygy, derman otlardan melhem taýýarlap içýändikleri, käbir otlary ýakyp tüsseledýändikleri baradaky maglumatlar ýadyňa düşýär. Şu ýerde Girkaniýanyň hem niredigini ýatlamak gerek. Ýagny, Hazar deňzi kemala geleli bäri müňýyllyklaryň dowamynda ol ýetmiş sany ada eýe bolup, deňziň ady we kenarýakasy dürlüçe

Ýekegowakda

Belentlige çykyp, oýlandym, durdum, Täsin rowaýaty diňläp ol hakda.

Sözi manysy bilen öwren

Miras Gerdek — çadyr. Ýaş çatynjalaryň (gelin bilen ýigidiň) oturyp-turmagy üçin öýüň bir burçunda ýa bir tarapynda mata-marlak bilen edilen germew, tuty.

Guýy

Ene ýerden bol hasyl öndürip, mal-gara saklap, hojalygy dolandyran pederlerimiziň durmuşynda guýular ähmiýetli orun alypdyr. Guýy gazmak işi köp zähmeti, baý tejribäni talap edipdir. Uzak wagt ýumrulman saklanyp galan guýular guýy ussasynyň guýy gazmagyň ata-baba ýörelgesini, Garagumuň ýerasty suwlarynyň ähli syrlaryny bilendiginiň aýdyň şaýadydyr. Olar ot-çöpleriň, ösümlikleriň kömegi bilen ýeriň çuňňur gatlaklarynda arassa we duzly suwlaryň ýerleşýän ýerlerini takyk kesgitläp, guýynyň piri Zinde babany, jykyryň piri Nalaç babany, suwuň piri Ylýas atany, çölüň piri Hydyr atany ýatlap, olardan medet diläp, işe başlapdyrlar.

Milli oýunlar — terbiýäniň çeşmesi

Parasatly ata-babalarymyz ýaş nesliň terbiýesine örän ünsli çemeleşipdirler, olar döwletiň geljegi bolan ýaş nesli diňe bir söz, hereket göreldesi bilen däl-de, eýsem milli oýunlar arkaly hem terbiýeläpdirler. Milli oýunlar çagalarda agzybirligi, birek-birek bilen arkalaşmagy terbiýeleýär. Türkmen milli oýunlary bolan «düzzüm», «küşt», «bäşdaş», «gözdaňdy», «ýaglyga towusdy», «aşyratdy», «içýanagyz», «aýterek-günterek», «kyrk kesek», «eldegirdi», «molla-sopy», «patyşa-wezir», «keçe-keçe», «ýüzük bukdy», «çeke-çeke», «gizlenpeçek», «gurt we çopan», «daş zyňmak», «çiş», «ak süňk», «gyzyl taýak», «güýç synanyşmak», «don tutdy» ýaly oýunlar çagalarda watansöýüjilik, mertlik, synçylyk, çalasynlyk, ugurtapyjylyk, durmuşda döräp biljek islendik kynçylykda ejizlemezlik, dogumlylyk, ulyny sylamak, kiçini söýmek, halallyk ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Milli oýunlar we olaryň düzgünleri hakynda gyzykly maglumatlar ertekilerde, halk rowaýatlarynda, dessanlarda giňden beýan edilýär.

Toý däp-dessurlary

ÝAGLYK DAŇDY Türkmen toýlarynda halkymyzyň durmuşyna mahsus däp-dessurlar berjaý edilýär. Il-ulsy döwletli ojaga jem eýleýän, dabaralara beslenýän toýlaryň iň naýbaşylarynyň biri durmuş toýlarydyr. Durmuş toýlary halkymyzyň aň-düşünjesine ynsan ýaşaýşyny dowamata atarýan, ýürekdäki arzuwlary wysalyna ýetirýän mukaddeslik hökmünde ornandyr. Durmuş toýlarynda ata-baba dowamat-dowam bolup gelýän däp-dessurlar, adatlar berjaý edilýär, şonuň bilen birlikde, täzeleri bilen hem baýlaşdyrylýar. Durmuş toýunyň birki gün öňünden durmuşa çykýan gyza ýaglyk daňmak hökmany berjaý edilýän adatlaryň biridir. Bu adat «ýaglyk daňdy» diýlip atlandyrylýar. «Ýaglyk daňdy» üçin ýigit tarapdan gyz-gelinler jemlenip, gyz çykýan ýere, gudalara barýarlar. Olar gadyrly garşylanyp, ýörite taýýarlanan toý tagamlary bilen hezzetlenilýär. Soňra ýigidiň uýalary, gelnejeleri, garyndaşlary gelin boljak gyza ýaglyk daňýarlar. Durmuşa çykýan gyza daňmak üçin ýörite saýlanyp alnan ýaglyk gowşurylýar. Ony gyzyň ýakyn joralarynyň biri kabul edýär, ýaglyk gowşurana toý sowgady berilýär.

At-owazy – älemde, wepa-lebzi – dillerde

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Bi­ziň hal­ky­my­zyň dün­ýä ba­gyş eden en­çe­me beý­le­ki mil­li gym­mat­ly­gy ýa­ly ge­lip çy­ky­şy örän ga­dy­my bo­lan türk­men ala­ba­ýy­na hem uly üns beril­ýär. Ala­ba­ýyň il­ki bi­len irim­çik, gö­ze ge­lüw­li, na­zar­ker­de sy­pa­ty tu­ruw­baş­dan it sö­ýü­ji­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Boý­la­ry ýer­den ger­şi­ne çen­li 95 sm-e, ag­ra­my 100 kg-a ýet­ýär. Er­kek­le­ri 150 kg-a ýe­tip bil­ýär (as­ly­ny ala­baý­dan alyp gaýd­ýan meş­hur kan­gal kö­pek­le­ri­niň or­ta­ça bo­ýy 86 sm-den, ag­ra­my 66 kg-dan geç­me­ýär). Şu wag­ta çen­li ha­sa­ba al­nan iň uly ala­baý 178 kg agyr­lyk­da­dyr. Art aýak­la­ry­na ga­lan ala­baý­la­ryň bo­ýy 2 met­re ýe­tip bil­ýär.

Milli oýunlar — terbiýe mekdebi

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry, ir­gin­siz ala­da­sy ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­myz­da spor­ty, be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek bi­len bag­ly al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler üs­tün­lik­li ýol­la­ra ro­wa­na bol­ýar. Ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, zy­ýan­ly en­dik­le­re gar­şy gö­reş­mek, ýurt­da spor­ty kä­mil de­re­jä çy­kar­mak, ösüp gel­ýän nes­liň spor­ta bo­lan söý­gü­si­ni art­dyr­mak hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Asyrlara şan bedewim!

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ýur­du­myz­da aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ze döw­let de­re­je­sin­de be­lent sar­pa go­ýlup, ola­ryň baş sa­ny­ny kö­pelt­mek, to­hum­çy­lyk-seç­gi iş­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, at­ly spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Türkmeniň gadymy oýny

Türkmen halky toý toýlanda bereketli, saçagyny giňden ýazyp, uludan toýlaýar. Şatlyk-şowhuna, aýdym-saza beslenýän şol toý-baýramlarda milli oýunlara uly orun berilýär. Şol oýunlar toý-baýramlaryň şowhunyny has-da artdyrýar, toý mähellesiniň ruhuny göterip, göwün guşuny ganatlandyrýar. Şeýle oýunlaryň biri-de gary döwmek oýnudyr. Goýnuň öň aýaklarynyň dyzyndan aşagyna «gary» diýilýär. Ýaşulularyň aýtmagyna görä, goýun malynyň gary süňküni döwmekde esasan el güýji peýdalanylypdyr. Gary döwmekde pälwanlar tarapyndan dürli usullar, tärler ulanylypdyr. Oýunda garynyň iki tarapyndan tutup, gaňryp döwmek, biliňden ýüp geçirip, garnyň iki tarapyna baglap, elleriň bilen itekläp döwmek ýa-da her tarapyna daş goýup eliň güýji bilen döwmek ýaly tärler has-da ýörgünli bolupdyr. Gary döwmekde üstün çykan pälwanlara toý eýeleri ýörite toý serpaýlaryny ýapypdyr.

Tä­ze ýy­l däp­le­ri

 «7/24. tm», № 01 (136), 02.01.2022 Dün­ýä­niň köp ýur­dun­da Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy bel­le­nil­ýär. Onuň bel­le­ni­li­şin­de, her bir ýurt­da, her bir halk­da öz­bo­luş­ly çe­me­leş­me­le­riň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, mak­sa­dy, esa­san, bir­meň­zeş­dir ýa-da ýa­kyn­dyr. Şu ýag­daý hem Tä­ze ýy­ly bel­le­mek däp­le­ri­ni bir aka­ba gö­nük­dir­ýär.

Towşan ýyly — berekediň ýyly

Milli müçenama boýunça towşan ýyly hasaplanylýan 2023-nji ýyl bereketli ýyllaryň biri bolar. Çünki müňýyllyklara uzap gidýän taryhymyzyň dowamynda towşan parahatçylygyň hem berekediň nyşany hökmünde garalypdyr. Köpetdagyň etegindäki biziň eýýamymyzdan öňki VII-VI müňýyllyklara degişli Jeýtun obasynda üsti açylan ýaşaýyş jaýyndan towşanyň süňkleri tapyldy. Munuň özi jeýtunlylaryň towşanyň etini aşhana sungatynda giňden ulanandyklaryny, derisini bolsa milli egin-eşikleri taýýarlamakda peýdalanandyklaryny aňladýar. Mundan başga-da, alymlar tarapyndan geçirilen arheologik gözleg işleriniň dowamynda towşanyň laýdan ýasalyp, endigan otda bişirilen heýkeliniň bölekleri tapyldy. Bu bolsa towşanyň heýkeliniň otagyň töründe gurulýan tagçada rysgal-berekediň, bolçulygyň nyşany hökmünde saklanandygyndan habar berýär. Tapylan käbir heýkeljikleriň gara meneklidigi ylmy taýdan gyzyklanma döretdi. Bu barada arheolog Ö.Berdiýewiň çaklamasy özüne çekiji. Alymyň pikiriçe, gadymy awçylaryň aw torbalarynda towşanyň menekli heýkeljigi bolup, ol awyň ganly bolmagyna täsir edýär diýlip ynanylypdyr.

Gözellige älem aşyk

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri-de, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagydyr. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň teklibi boýunça 2022-nji ýylda Türkmen keşdeçilik sungaty  ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň belli bir bölegi biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesidir. Aslynda, tikin işleri bilen meşgullanmak her bir halkyň zenan maşgalasyna mahsus hasaplanylýar. Şoňa görä-de, tikin işleriniň ähli görnüşleri öz gözbaşyny zenan dünýäsinden, gözelliginden, olaryň duýgusydyr nepis döredijiliginden alyp gaýdýar. Munuň sebäbini bolsa, zenanlaryň dünýä gözelliklerini özünde jemlän ynsanlardygy we ähli babatda-da döretmäge ukyplydygy bilen düşündirilýär. Megerem şonuň üçindir, il içinde «Alla ýaradyjydyr, zenanlar bolsa döredijidir» diýilýär.