El hünäri il gezer

5 Ýanwar 2023
648

Milliligini tutuş süňňüne siňdirip bilen türkmen halky dörediji halkdyr. Döreden milli gymmatlyklaryny gadymyýetden şu günki güne çenli mukaddeslik hökmünde aýap saklap, älem-jahana ýaýypdyr.

Türkmen özüniň döredijilik güýjüni topragynyň gyzgyn mährinden, tebigatyň gözelliklerinden, ene söýgüsinden, Watan mukaddesliginden alyp gaýdýar. Diýmek, halk döredijiliginiň islendik görnüşi özünde uly bir taryhy jemleýär. Özüniň ýiti zehinini, ruhy gözelligini el işlerine siňdirip bilen türkmen zenanynyň döredijilik ukybyna häzirki wagtda dünýä halklary haýran galýar. Hormatly Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen zenany — jadyly el sungaty bilen bu günki gün dünýäni özüne aşyk edýändir» diýip, jaýdar belleýär.

Arzygül ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.