Gözellige älem aşyk

29 Dekabr 2022
440

Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri-de, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagydyr. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň teklibi boýunça 2022-nji ýylda Türkmen keşdeçilik sungaty  ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň belli bir bölegi biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesidir. Aslynda, tikin işleri bilen meşgullanmak her bir halkyň zenan maşgalasyna mahsus hasaplanylýar. Şoňa görä-de, tikin işleriniň ähli görnüşleri öz gözbaşyny zenan dünýäsinden, gözelliginden, olaryň duýgusydyr nepis döredijiliginden alyp gaýdýar. Munuň sebäbini bolsa, zenanlaryň dünýä gözelliklerini özünde jemlän ynsanlardygy we ähli babatda-da döretmäge ukyplydygy bilen düşündirilýär. Megerem şonuň üçindir, il içinde «Alla ýaradyjydyr, zenanlar bolsa döredijidir» diýilýär.

Aýnabat ANNALYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.