Baý taryhly mekan

10 Ýanwar 2023
497

Hormatly Prezidentimiziň 4-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň Täze ýyldaky ilkinji mejlisiniň barşynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen Karara gol çekmegi, şonuň esasynda guramaçylyk toparynyň döredilmegi, onuň düzüminiň tassyklanmagy, şeýle-de geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy göwün göteriji duýgulary döretdi. Bu resminama geljek ýylda welaýatymyzyň Änew şäherinde ýaýbaňlandyryljak çärelere häzirden ýokary derejede taýýarlyk görülýändiginiň we oňa aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Änew baý taryha eýe bolan gadymy künjekdir. Geçmişde ösen medeniýetiň ojagy hökmünde meşhurlyk gazanan bu taryhy mekanyň şan-şöhraty gaýtadan dabaralanýar. Beýik döwrümiziň döredijilik ruhundan galkynýan gadymy Änew şäheri bu gün barha özgerýär. Bir-birinden görkana durmuş-medeni, önümçilik maksatly binadyr desgalar, giň köçeler Änew şäheriniň döwrebap keşbine gözellik çaýýar. Şäheriň görnükli ýerinde bina edilen, binagärlik keşbi bilen göreniň akylyny haýrana goýýan Milli «Ak bugdaý» muzeýi uly gyzyklanma eýedir. Muzeýe gelýän syýahatçylar ol ýerde saklanýan gymmatlyklardyr maglumatlar arkaly gadymy Änewiň ekerançylygyň asyl mekanydygy bilen bagly hakykata göz ýetirýärler.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri.