Keşdesinde kalby görner

10 Ýanwar 2023
633

Ene-mamalarymyz gyz maşgala ýumşa ýarap başlanyndan, wagtyny boş geçirmezligi üçin onuň eline sapak berip, alaja işmegi, ellikdir jorap örmegi öwredip başlapdyrlar. Şol ilkinji başlangyçlar soňlugy bilen tikin-çatyna, haly-palas dokamaga baryp ýetipdir. Gelin-gyzlarymyzyň lybaslarynyň biçüwi, nagyşlary gitdigiçe kämilleşdirilip, olara döwre görä öwüşgin çaýylypdyr we bu däp häzir hem dowam etdirilýär. Ýöne şol el işleriniň haýsy birini alanyňda-da, onuň asyl nusgasynyň ýitirilmän saklanandygyna göz ýetirmek bolýar. «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýýän halkymyz her işiň başyna baranda, ony gadymy däp-dessurlarymyz, milliligimiz bilen aýrylmaz derejede baglanyşdyrýar.

Biziň günlerimizde zenanlarymyzyň geýýän lybaslarynyň keşdelenen ýeň-ýakalary, çabytdyr donlarynyň, gelinleriň kürteleriniň, oglan-gyzlaryň tahýalarynyň nagyşlarynyň ählisi gadymy nusgalaryň täze öwüşgin çaýylyp, kämilleşdirilen görnüşleridir. Ir döwürlerde ene-mamalarymyz el keşdelerini köjeme görnüşinde bejeripdirler. Ilme, gaýma, basma, pugtama görnüşleri bolsa soň-soňlar ýüze çykypdyr. Köjemäniň edilişi beýleki el işlerine görä aňsadrak bolansoň, eli iňňe tutan gyzjagazlara, ilki bilen, şony öwredip başlapdyrlar. Keşde çekmegiň bu usuly iň gadymy görnüşleriň biri bolup, ol, esasan, Balkan welaýatynda has köp ulanylýar. Ilme usulynda salynýan nagyşlar gülsüz, düz matalarda ownuk sanjylyp salynýan nagyşlar bolup, olar tekizligi hem nepisligi bilen tapawutlanýar. Nagyşlaryň ýerbe-ýer, nepis bolmagy ulanylýan ýüpeklere-de baglydyr. Ilme ediljek ýüpek hem-ä inçe, hemem ýylmanak bolmaly. Ýüpegi ýylmanak etmek üçin oňa diňe gerek derejesinde tow bermeli.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
žurnalist.