Towşan ýyly — berekediň ýyly

30 Dekabr 2022
893

Milli müçenama boýunça towşan ýyly hasaplanylýan 2023-nji ýyl bereketli ýyllaryň biri bolar. Çünki müňýyllyklara uzap gidýän taryhymyzyň dowamynda towşan parahatçylygyň hem berekediň nyşany hökmünde garalypdyr.

Köpetdagyň etegindäki biziň eýýamymyzdan öňki VII-VI müňýyllyklara degişli Jeýtun obasynda üsti açylan ýaşaýyş jaýyndan towşanyň süňkleri tapyldy. Munuň özi jeýtunlylaryň towşanyň etini aşhana sungatynda giňden ulanandyklaryny, derisini bolsa milli egin-eşikleri taýýarlamakda peýdalanandyklaryny aňladýar. Mundan başga-da, alymlar tarapyndan geçirilen arheologik gözleg işleriniň dowamynda towşanyň laýdan ýasalyp, endigan otda bişirilen heýkeliniň bölekleri tapyldy. Bu bolsa towşanyň heýkeliniň otagyň töründe gurulýan tagçada rysgal-berekediň, bolçulygyň nyşany hökmünde saklanandygyndan habar berýär. Tapylan käbir heýkeljikleriň gara meneklidigi ylmy taýdan gyzyklanma döretdi. Bu barada arheolog Ö.Berdiýewiň çaklamasy özüne çekiji. Alymyň pikiriçe, gadymy awçylaryň aw torbalarynda towşanyň menekli heýkeljigi bolup, ol awyň ganly bolmagyna täsir edýär diýlip ynanylypdyr.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy, etnograf.