«...Senet däldir, ol sungatdyr»

10 Ýanwar 2023
543

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti, milli däp-dessurlary, edebiýaty, sungaty dünýä derejesinde dabaralandyrylýar. Köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, nesillerimize arkama-arka geçip gelen milli el işlerimiz, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň gudraty bilen dörän halylarymyz, keçelerimiz, nepis keşdelerimiz, alajalarymyz ajaýyp sungat eserleri hökmünde äleme ýaýylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat», «Türkmen medeniýeti» atly kitaplarynda dünýä medeniýetine goşant goşan gelin-gyzlarymyzyň el hünärlerine bolan söýgi belent mukam bolup ýaňlanýar. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem enelerimiziň edep mekdebiniň ýörelgeleriniň biri bolan el işleriniň ähmiýeti edep-terbiýäniň gözbaşy hökmünde ýaýylýar.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.