Milli oýunlar — terbiýäniň çeşmesi

4 Ýanwar 2023
548

Parasatly ata-babalarymyz ýaş nesliň terbiýesine örän ünsli çemeleşipdirler, olar döwletiň geljegi bolan ýaş nesli diňe bir söz, hereket göreldesi bilen däl-de, eýsem milli oýunlar arkaly hem terbiýeläpdirler. Milli oýunlar çagalarda agzybirligi, birek-birek bilen arkalaşmagy terbiýeleýär.

Türkmen milli oýunlary bolan «düzzüm», «küşt», «bäşdaş», «gözdaňdy», «ýaglyga towusdy», «aşyratdy», «içýanagyz», «aýterek-günterek», «kyrk kesek», «eldegirdi», «molla-sopy», «patyşa-wezir», «keçe-keçe», «ýüzük bukdy», «çeke-çeke», «gizlenpeçek», «gurt we çopan», «daş zyňmak», «çiş», «ak süňk», «gyzyl taýak», «güýç synanyşmak», «don tutdy» ýaly oýunlar çagalarda watansöýüjilik, mertlik, synçylyk, çalasynlyk, ugurtapyjylyk, durmuşda döräp biljek islendik kynçylykda ejizlemezlik, dogumlylyk, ulyny sylamak, kiçini söýmek, halallyk ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Milli oýunlar we olaryň düzgünleri hakynda gyzykly maglumatlar ertekilerde, halk rowaýatlarynda, dessanlarda giňden beýan edilýär.

Taýýarlan Jemile KURBANGELDIÝEWA,
TOHI-niň talyby.