Türkmeniň gadymy oýny

3 Ýanwar 2023
416

Türkmen halky toý toýlanda bereketli, saçagyny giňden ýazyp, uludan toýlaýar. Şatlyk-şowhuna, aýdym-saza beslenýän şol toý-baýramlarda milli oýunlara uly orun berilýär. Şol oýunlar toý-baýramlaryň şowhunyny has-da artdyrýar, toý mähellesiniň ruhuny göterip, göwün guşuny ganatlandyrýar. Şeýle oýunlaryň biri-de gary döwmek oýnudyr. Goýnuň öň aýaklarynyň dyzyndan aşagyna «gary» diýilýär.

Ýaşulularyň aýtmagyna görä, goýun malynyň gary süňküni döwmekde esasan el güýji peýdalanylypdyr. Gary döwmekde pälwanlar tarapyndan dürli usullar, tärler ulanylypdyr. Oýunda garynyň iki tarapyndan tutup, gaňryp döwmek, biliňden ýüp geçirip, garnyň iki tarapyna baglap, elleriň bilen itekläp döwmek ýa-da her tarapyna daş goýup eliň güýji bilen döwmek ýaly tärler has-da ýörgünli bolupdyr. Gary döwmekde üstün çykan pälwanlara toý eýeleri ýörite toý serpaýlaryny ýapypdyr.

Geldimyrat SOLTOWOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.