"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

«Oguznamanyň» Pariž nusgasy

Asyrlaryň dowamynda milletimiziň ruhy dünýäsine öwrülen eserleriň hatarynda «Oguznamalary» buýsanç bilen ýatlamak bolar. Gahryman Arkadagymyz: «Adamzadyň edebi-ruhy hazynasyny baýlaşdyran, milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen hem-de bu gün jemgyýetimiziň sagdyn ösmegine hyzmat edýän edebi gymmatlyklarymyzyň biri hem «Oguznama» eserleridir» diýip, bu eserleriň gymmatyna ýokary baha berýär. Oguz han hem-de onuň nesil daragty hakyndaky çeper eserler hökmünde dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren «Oguznamalarda» gahrymançylyk, danalyk, dogruçyllyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwer häsiýetleri özlerine hemra edinen ata-babalarymyzyň durmuşy çeper sözüň üsti bilen suratlandyrylýar. «Oguznamanyň» Pariž şäherinde saklanýan gadymy nusgasy bu ugurda gymmatly nusgadyr.

Mertebeli ýaşaýşyň manysy

Kakamdyr ejemiň beren edep-terbiýesi maňa durmuş ýolunda hemişe medet berip geldi. * * *

Alajasy — ak ýoly (Mizemez miras)

Ýakynda Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine mähriban gaýynenesi Ogulabat ejäniň elinden çykan alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Bu tolgundyryjy pursatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alajalar barada aýdan sözleri bada-bat ýadymyza düşdi. 2017-nji ýylyň başlarynda halkymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýärkä, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Olimpiýa şäherçesine barypdy. Şonda Milli Liderimiz ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini alamatlandyrýan bedew atyň keşbini synlap, şeýle diýipdi: «Taryhyň dowamynda alajanyň türkmenleriň durmuşy bilen berk baglanyşykly bolandygyny nazara almak bilen, Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda, ahalteke bedewiniň boýnunda milli buýsanjymyz bolan alaja şekillendirilse, maksadalaýyk bolar». Ynsan oglunyň gözleriniň ganan gözelliklerini synlap, dili dür saçýar. Asyl, görlüp oturylsa, mähriban käbesiniň çeper elleriniň sungatyndan her gün kalby ganatlanýan Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsi ene hüwdüsi deýin tämiz çeşmeden, ýagşy görüm-göreldeden gözbaş alýar ekeni. Alajasy — ak ýoly,Nogul-nabatdan doly,Balama bagt getirer,Maksadyna ýetirer

Ýagşydan at galar

Sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemra edinen halkymyzda taryhyň ähli döwürlerinde-de pälwançylykda at-abraý gazanan adamlar az bolmandyr. Türkmen milli göreşiniň taryhynda yz galdyryp giden, «arkasy bir saparam ýere degmedik» diýlip waspy ýetirilen pälwanlar hakynda rowaýata çalymdaş gürrüňlere-de il içinde köp gabat gelmek bolýar. Rowaýata çalymdaş bolsa-da, şol gürrüňleriň aňyrsynda hakykatyň ýatandygyna şek-şübhe ýok. Sebäbi şol gürrüňleriň tas ählisi diýen ýaly teswirlenýän wakalary gözi bilen gören adamlaryň söhbedi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa geçmişde öz ukyp-başarnyklary, gujur-gaýratlary bilen «tüweleme» diýdiren hem-de at-abraý gazanan babyr bilekli pälwanlarymyzyň şöhratly ýoluny olaryň nesilleri — merdana türgenlerimiz üstünlikli dowam etdirýärler. Bu bolsa, elbetde, buýsanylmaga, guwanylmaga mynasypdyr. Öz döwründe adatdan daşary güýji, başarnygy bilen köpleri geň galdyran balkanly pälwanlaryň hatarynda Hojamyrat pälwanyň ady buýsanç bilen agzalýar. Bu pälwan hakynda söhbetler dürli döwürlerde metbugatda türkmen milli göreşi we onuň taryhy bilen gyzyklanýanlaryň dykgatyna ýetirilenem bolsa, şol wagtlardan bäri okyjylaryň täze bir nesliniň kemala gelendigini göz öňünde tutmak bilen, käbir wakalary gaýtadan yzarlamagy göwnemakul bildik. Sebäbi öz merdana pederlerine buýsanmak ähli döwrüň ýaş nesillerine mahsusdyr.

Mähir bagy — alaja

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ajaýyp wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigine golaýda milletiň käbesi Ogulabat ejäniň ören alajalarynyň hem-de olary taýýarlan iş guralynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylan pursatlarynda ýene bir ýola göz ýetirdik. Milli Liderimiziň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň öz gaýynenesiniň çeper el sungatyna belent sarpa goýup, olary muzeýe tabşyrmagy milli mirasymyza bolan söýgimizi has-da artdyrdy. Aslynda, el hünäri, alajalar, keşde-nagyşlar özüniň çuňňur manylylygy bilen uly ähmiýete eýedir. Alajalar hem gözden-dilden goramak bilen baglydyr. Şonuň üçin çaganyň gundag, sallançak bagyna çenli alajadan edilýär. Onuň goşaryna hem alaja dakylýar. Munuň özi bägül ýaly balanyň ytygsaman ösüp-ulalmagy hakdaky dileg bilen baglanyşyklydyr. Gyzjagazlar ulalandan soň, ejeleri, eneleri, gelnejeleri tarapyndan olara alaja örmek hem öwredilýär. El hünärine höwesli gyzjagaz onuň üsti bilen edepli-ekramly, belent adamkärçilikli, zähmetsöýer bolmagyň kämil mekdebini geçýär. Alaja örmek özboluşly hünärdir.

Golýazma çeşmelerinde orun alan pähimler

Türkmen halky özüniň müňýyllyklara uzap gidýän taryhynyň bütin dowamynda nesilleriň terbiýe mekdebi bolup gelen nakyllardyr atalar sözlerini ymgyr köp mukdarda döredipdirem, olary ilat arasynda wagyz etmegiň hem dürli ýollaryny ulanypdyr. Ol usullaryň iň esasysy we elýeterlisi dili senaly ýaşulularyň özleriniň öwüt-ündew häsiýetli söhbetlerini: «Öňküler aýdypdyr-a...» diýip, ugurdaş manyly nakyllar bilen berkitmegidir. Gadymy golýazma çeşmeleri bilen içgin tanşylanda bolsa nakyllary wagyz etmek babatda has guramaçylykly hem-de täsin usullaryňam bolandygy hakdaky maglumatlara-da duş gelmek bolýar. Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde türkmen halkynyň milli mirasyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Bu sogaply iş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Şol işleriň biri hem milli mirasyň esasy sütüni, millet bolmagyň ilkinji şerti bolan türkmen diliniň taryhyny dikeltmek we şol esasda häzirki zaman türkmen dilini çuňňur öwrenmek bolup durýar. Bu ugurda ýerine ýetirilen köp sanly işlere mysal hökmünde ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen 1008 — 1105-nji ýyllarda ýaşap geçen türkmen dilşynas alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» («Diwany lugat-at-türk») atly ilkinji türkmençe-arapça düşündirişli sözlügini görke

«Mähir siňen nepislik»

10-njy awgustda şeýle at bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Ogulabat ejäniň ören alajasyny hem-de alajany örmekde ulanan iş guralyny muzeýi sowgat bermegi bilen baglanyşykly hoşallyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, tanymal medeniýet we sungat ussatlarynyň, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, ylym-bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Akbugdaý etrap geňeşliginiň hünärmeni, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy Baýramsoltan Myradowa hem-de ýurdumyzyň alym zenanlary Bahar Mämmedowa, Täzegül Täçmämmedowa dagy we beýlekiler çykyş edip, Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýolunyň  ýaş nesiller üçin görelde mekdebidigine ünsi çekdiler. Şeýle-de maslahatda ýurdumyzyň belli aýdymçy zenanlary Läle Begnazarowanyň, Gülşirin Annamyradowanyň, Aýgül Ýagşyýewanyň, Şemşat Hojaýewanyň, Leýli Ökdirowanyň, Çynar Jumaýewanyň mähriban enelerimizi wasp edýän ajaýyp aýdymlary belentden-belent ýaňlandy.

Kalplara siňen gymmatlyklar

Geçilen menzillere ser salyp, pederlerimiziň, ene-mamalarymyzyň goýan yzlaryndan nusga, görelde almak halkymyzyň adata öwrülen ýörelgesi. Bu ýörelge halkymyza asyrlaryň dowamynda döwletlilik, rysgal-bereket getiripdir. Sebäbi bu zatlaryň aňyrsynda hormat, agzybirlik ýaly belent düşünjeler bar. Halkymyzyň ajaýyp ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilip gelinmeginde ýaşuly nesliň göreldesi, öwüt-ündewleri wajyp orun eýeläpdir. Ajaýyp zamanamyzda bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejäniň manyly ömür ýoly, baý durmuş tejribesi göreldedir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowa Ogulabat ejäniň göreldelik ýoly bilen halkymyza türkmen zenanyna mahsus hormatyň nusgasyny görkezýär. Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi hem maşgala agzybirliginiň, ula hormatyň nusgasy bolup ýüreklerden orun aldy. Keşdeler gözellerimiziň owadan kalby ýaly, synlanlarda ýakymly duýgulary döredýär. Sebäbi olara kalby owadan türkmen gelin-gyzlarynyň yhlasy, iň bir şirin duýgulary siňen. Olaryň biri çagalara söýgi garylyp çekilse, ýene birine iň bir pynhan arzuwlar siňdirilýä

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

Suratda: (çepden) Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ykdysady-geografiýa kafedrasynyň dosenti Durdy Amenekow gelni Ejebaý, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hydyr Derýaýew gelni Kümüş bilen (1936 ý.). Ynsan ömri akyp barýan suw ýaly. Onuň ilkinji tereň gözbaşy ýaşlykdyr. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hydyr Derýaýewiň maşgala arhiwinden tapylan bu fotosuraty redaksiýamyza maryly okyjymyz Kakajan Balkanow iberdi. Hydyr aganyň dosty hem obadaşy Durdy Amenekow bilen maşgala bolup surata düşmegi iki ýaş juwanyň ylmy hem ruhy bitewüliginden nyşan.

Millilik — milletiň mertebesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesi esasynda toplanan milli mirasymyzy, jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak, aýap we gorap saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, medeni ojaklarda halkymyzyň aýalyp, goralyp saklanylýan baý milli mirasynyň, medeni gymmatlyklarynyň her biriniň hasaba alnyp, ylmy taýdan öwrenilmegi hem-de olaryň ähmiýetiniň açylyp görkezilmegi bilen, bu ugurda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar.

Watansöýüjiligiň nusgalyk mekdebi

Merdi-merdanalyk, gerçeklik, edermenlik, batyrlyk, garadangaýtmazlyk halkymyzyň edep-terbiýedir gylyk-häsiýet bilen nesilden-nesle geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýän gymmatlyklarynyň biridir. Bu halkyň etnopedagogikasynda has aýdyň şöhlelenýär. Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» romanlarynda, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» ýaly ençeme eserlerinde mähriban pederleriň paýhasyna hormat goýmagy durmuş hakykaty bilen utgaşyklylykda anyk maglumatlar bilen subut edýär.

Sözlerden göwher ýasan zergär

Türkmen halky müñýyllyklaryñ dowamynda dünýä medeniýetine saldamly goşant goşan halkdyr. Şygryýet äleminiñ ägirdi, ölmez-ýitmez paýhasy we danalygy bilen diñe bir türkmen nusgawy edebiýatynda däl, eýsem, tutuş adamzat taryhynda müdimilik at-abraýa gaplanan dürler hazynasynyň eýesi akyldar şahyr Magtymguly Pyragy ynsanlaryñ kalbynyň töründe orun alandyr. Gyrgyz şahyry Çingiz Aýtmatowyñ dili bilen aýdylanda: «Magtymguly bütindünýä şygryýetiniň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar». Magtymguly Pyragy XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatynyñ özboluşly nyşanyna öwrüldi. Akyldar şahyryñ döredijiligi edebiýat älemine täze ýol açdy. Pyragynyň eserleri adamzat kalbynda hiç wagt könelmejek, hiç wagt soňlanmajak çuň mazmunly eserler bolup, ol üstünden näçe asyrlar geçse-de, ähmiýetini ýitirmän, lowurdap duran göwher gaşly ýüzük ýaly, barha gadyr-gymmaty artýar. Bu barada Garagalpagystanyň şahyry Abylkasym Ötepbergenow «Aňlana» diýen şygrynda: «Magtymgulyň sözi dürdür aňlana» diýip, akyldar şahyryň her bir pähim-parasada, pelsepä ýugrulan setirleriniň ynsan balasy üçin tükeniksiz baýlykdygyny, terbiýeçilik ähmiýetine eýedigini beýan edýär. Çünki şahyr özüniň döredijiligi bilen ynsanlary terbiýeläpdir. Bu temadan Magtymguly «Janyna degmez», «Zor bolar», «Durasyň geler» ýaly birnäçe şygyrlary döredipdir. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly, edep-ekramly, ar-namy

Şöhratly geçmişi bardyr türkmeniň

Türkmenler iň gadymy halklaryň biri hasaplanýar. Şeýle hem, türkmenler dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler doly tassyklaýar. Häzirki eşretli zamanamyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän gadymy hem orta asyr ýadygärliklerinde, taryhy muzeýlerde saklanýan, halkymyzyň geçmiş ýolundan söz açýan gymmatlyklary göreniňde, şeýle genji-hazynalarymyzy her bir raýatymyzyň görüp, synlap, olar barada gymmatly maglumatlary alyp bilmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler göwnüňi göterýär. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Medeni ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde taryhy-medeni ýadygärlik toplumlarynyň ençemesi ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul, Merw ýadygärlikler toplumlarynda bina gurmagyň täsin nusgalaryny görmek bolýar. Aýratyn hem Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Altyndepe ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy bilen akylyňy haýran edýär. Mundan başga-da, Yzmykşir, Köneürgenç, Ysmamyt ata, Seýitjemaleddin metjidi, Sarahs galasy, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly başga-da b

Saçak — sahawatyň çeşmesi

Saçak — türkmeniň rysgal-bereket gymmatlygy. Sahawatly halkymyz saçak ýazyp, supra ýaýan halk. Menzilleri külterläp gelen taryhy ýolumyzda saçak taýýarlamak senetçiligi hem giň gerime eýe bolupdyr. Her bir maşgalanyň öýüniň bereket-bolçulygynyň nyşany hasaplanýan saçaklaryň dürli görnüşi taýýarlanypdyr. Mata saçaklar düýeýüň saçagyň içinden çörekleri dolap goýmak üçin tikilipdir. Mukaddeslik derejesine ýetirilen düýeýüň saçak çöregi ýumşak saklaýar. Oňa dolanan çörek zaýalananok. Bu saçak öýde rysgal-döwletiňi saklaýar diýlip yrym edilýär. Ony taýýarlamak üçin düýäniň ýüňi boýalanok. Ol tebigy reňkinde dokalýar. Düýe ýüňüniň meňzeşlerini saýlap alyp, ony arassalamaly, tüýtmeli. Ýüňdarakda daramaly. Kiçiräjik pişge etmeli. Soňra ikde egirmeli. Erşini, argajyny aýry-aýry egirmeli. Soňra ýumaklamaly. Saçak, esasan, torumyň gapdal ýüňünden alnyp, egrilip dokalýar. Bu ýüň ýumşak bolýar. Ol inçe egrilip, syk dokalýar. Düýe ýüňüniň ählisi saçaga ýaraýar. Ýöne torumyň ýüňi iňňän arassa bolýar. Ene-mamalarymyz: «Düýe ýüňi çoga bolmaz, goýun ýüňi — çyga» diýipdir. Belläp geçişimiz ýaly, torum ýüňi tüýdülip, darakdan geçirilip, pişge edilýär. Pişgäni ikde inçejik egrip, iç towuny gatyja bermeli. Şeýle edilende, saçaklar we agar çäkmenler syk hem nepis bolýar. Saçaklygy ýere gazyk kakyp, sähetli gün ýüwürtmeli. Düýe ýüňünden egrilen ýüpler birikdirilip ýüwürdilýär. Ilki arga

Nesillere dowamat-dowam

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa öz agtyklary bilen Ogulabat ejäniň nusgalyk el işini sarpalap, mähriban enäniň ören alajasyny hem-de alaja örmekde ulanan iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurdy. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Beýik Ogly dünýä beren beýik enäniň elinden çykan nepislikler bilen muzeý gymmatlyklarynyň üstüniň ýetirilmegi örän guwandyryjydyr. Ogulgerek Berdimuhamedowa özüniň mähriban gaýynenesiniň zenan mertebesine aýratyn ähmiýet berendigi hem-de el hünäriniň gelin-gyzlar üçin asylly ýörelgä öwrülmelidigi barada aýdan paýhasly sargytlary barada gürrüň berdi. Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi, şunda güjümiň öserine zeper ýetirmän, onuň şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken. Bularyň ählisi durmuş ýoly görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň tebigata örän aýawly çemeleşmek barada gymmatly maslahatlary berendigini görkezýär.

Görogly — gaýduwsyzlygyň, gaýratlylygyň nusgasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabyndan. Ata-babalarymyz perzendine pent edeninde Jygalybeg bolup sözläpdirler, Magtymgulynyň şygyrlary bilen olara merdanalygy wesýet edipdirler. Şeýdip il-halkynyň agysyna aglan, begenjine begenen Görogly ýaly ärleri ýetişdiripdirler.

Gyratyň meýdany

Men Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hakda pikir edenimde, ilki bilen, serime gelen şahsyýet Jygalybeg boldy. Halkyň alnyndan diremek nesibesi bilen garaňky görüň içinden diri çykan Röwşenjigiň Görogla, ata tarapynyň hem, ene tarapynyň hem asly suw atyndan bolan taýçanajygyň bolsa Gyrata öwrülişinde aýratyn ähmiýetli orny eýelän şahsyýet. «Görogly» eposynda Gyratyň, ýagny bedew atyň orny, ähmiýeti hakda içginden-içgin gürrüňi uzaltmak, ony hemmeleriň bilýän wagtynda söhbediň gyzygyny gaçyraýjak ýaly. Çünki halk arasynda Görogly diýdigiň, hemmeleriň hakydasynda Gyrat janlanýar, Gyrat diýseňem, Görogly. Bu jübütligiň üstüni ýetirýän ýene bir gudrat bar. Has dogrusy, birem däl, iki. Ol hem jübütlik. Söz bilen saz. «On sekiz ýerimden düşdi ýaramyz, Gyrat meni Çandybile sen ýetir» diýse düşünýän, Öweziň yzyndan barýarka, çopan goşunda köne-küşül eşigi geýende namys edip, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýän bedew üçin Görogly beg hem gara başyny orta goýmagy başarýar. Kempiriň hilesine çolaşyp, elden gideren bedewini — Gyratyny Şagalandar bolup, paý-pyýada alyp gaýdýar. Görogly diýilse, dili salamly, kalby kelamly ýigit göz öňüňde häzir bolýar. Göz öňüne getirmeli bolsa, ony ýagyrnysy dutarsyz şekilde göz öňüňde janlandyrmak hem mümkin däl. Elbetde, döwüş pursatlaryndan özge pursatlary. Görogly göreşse — pälwan, aýdyşsa — aýdyjy bagşy.

Sazlardan ylham alyp...

Welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Allaberdi Ereşow aýdym-saz sungaty bilen baglanyşykly birnäçe kitaplaryň ýazary. Gazetimiziň şu sanynda alymyň saz sungatynyň tebigat bilen baglanyşygy hakyndaky söhbediniň size ýetirmegi makul bildik. — Saz sungatynyň taryhyny öwreniji alym Al-Faraby üflenip çalynýan saz gurallarynyň döreýşini şeýle düşündirýär: «Daglaryň gowaklaryna ýel düşende, agaçlaryň şahalary güýçli şemallarda ses edipdir. Adamlar tebigatda bolup geçýän hadysalary, haýwanlaryň seslerini diňläpdirler. Haýsy hem bolsa turba görnüşli çöpleri üfläp görüpdirler we şol gurallardan dürli sesleri almagyň usulyny tapypdyrlar. Bu bolsa saz guralynyň we sazyň döremegine getiripdir».

Diliminden bal akan

Durşy bilen hazyna bolan türkmen halk döredijiliginde şirin-şeker gawunlarymyz çeper wasp edilipdir. Gawun hakyndaky sözler gelin-gyzlarymyzyň şahyrana eserlerine ýagşyň ýere siňşi ýaly siňipdir. Gelinleriň baldan süýji balalaryny hüwdülänlerinde, ýerine ýetirýän aşakdaky setirlerinde hem bu bakja ekini barada söz açylýar: «Sary gelin balasy,

Aý, Güni taryplap şygyrlarynda

Ata-babalarymyz Aýy, Güni ýokary gözellik hasaplap: «Aý içiniň arslany, Gün içiniň göwheri», «Aýdan ary, Günden dury», «Aý agyllasa — alkyş, Gün agyllasa — gülüş» ýaly pähimleri döredipdirler. Oguz handan, onuň neberelerinden gözbaş alyp gaýdýan ata-babalarymyz ençeme müň ýyllaryň dowamynda Aýy, Güni mukaddeslik hasaplap gelipdirler. «Başyň Gök diresin», «Kölegäň yrylmasyn» diýen jümleler henize, bu güne çenli il-halkyň dilinden düşmän gelýär. Türkmenler irki döwürlerden bäri: «Asman — ataň, Ýer — eneň» diýen pähime eýeripdirler. Magtymguly Pyragy: «Gün hanjary Gökden Ýere inende,