Ýagşydan at galar

11 Awgust 2023
456

Sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemra edinen halkymyzda taryhyň ähli döwürlerinde-de pälwançylykda at-abraý gazanan adamlar az bolmandyr. Türkmen milli göreşiniň taryhynda yz galdyryp giden, «arkasy bir saparam ýere degmedik» diýlip waspy ýetirilen pälwanlar hakynda rowaýata çalymdaş gürrüňlere-de il içinde köp gabat gelmek bolýar. Rowaýata çalymdaş bolsa-da, şol gürrüňleriň aňyrsynda hakykatyň ýatandygyna şek-şübhe ýok. Sebäbi şol gürrüňleriň tas ählisi diýen ýaly teswirlenýän wakalary gözi bilen gören adamlaryň söhbedi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa geçmişde öz ukyp-başarnyklary, gujur-gaýratlary bilen «tüweleme» diýdiren hem-de at-abraý gazanan babyr bilekli pälwanlarymyzyň şöhratly ýoluny olaryň nesilleri — merdana türgenlerimiz üstünlikli dowam etdirýärler. Bu bolsa, elbetde, buýsanylmaga, guwanylmaga mynasypdyr. Öz döwründe adatdan daşary güýji, başarnygy bilen köpleri geň galdyran balkanly pälwanlaryň hatarynda Hojamyrat pälwanyň ady buýsanç bilen agzalýar.

Bu pälwan hakynda söhbetler dürli döwürlerde metbugatda türkmen milli göreşi we onuň taryhy bilen gyzyklanýanlaryň dykgatyna ýetirilenem bolsa, şol wagtlardan bäri okyjylaryň täze bir nesliniň kemala gelendigini göz öňünde tutmak bilen, käbir wakalary gaýtadan yzarlamagy göwnemakul bildik. Sebäbi öz merdana pederlerine buýsanmak ähli döwrüň ýaş nesillerine mahsusdyr.