Alajasy — ak ýoly (Mizemez miras)

11 Awgust 2023
690

Ýakynda Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine mähriban gaýynenesi Ogulabat ejäniň elinden çykan alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Bu tolgundyryjy pursatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alajalar barada aýdan sözleri bada-bat ýadymyza düşdi. 2017-nji ýylyň başlarynda halkymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýärkä, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Olimpiýa şäherçesine barypdy. Şonda Milli Liderimiz ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini alamatlandyrýan bedew atyň keşbini synlap, şeýle diýipdi: «Taryhyň dowamynda alajanyň türkmenleriň durmuşy bilen berk baglanyşykly bolandygyny nazara almak bilen, Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda, ahalteke bedewiniň boýnunda milli buýsanjymyz bolan alaja şekillendirilse, maksadalaýyk bolar». Ynsan oglunyň gözleriniň ganan gözelliklerini synlap, dili dür saçýar. Asyl, görlüp oturylsa, mähriban käbesiniň çeper elleriniň sungatyndan her gün kalby ganatlanýan Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsi ene hüwdüsi deýin tämiz çeşmeden, ýagşy görüm-göreldeden gözbaş alýar ekeni.

Alajasy — ak ýoly,
Nogul-nabatdan doly,
Balama bagt getirer,
Maksadyna ýetirer

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».