Kalplara siňen gymmatlyklar

10 Awgust 2023
565

Geçilen menzillere ser salyp, pederlerimiziň, ene-mamalarymyzyň goýan yzlaryndan nusga, görelde almak halkymyzyň adata öwrülen ýörelgesi. Bu ýörelge halkymyza asyrlaryň dowamynda döwletlilik, rysgal-bereket getiripdir. Sebäbi bu zatlaryň aňyrsynda hormat, agzybirlik ýaly belent düşünjeler bar. Halkymyzyň ajaýyp ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilip gelinmeginde ýaşuly nesliň göreldesi, öwüt-ündewleri wajyp orun eýeläpdir. Ajaýyp zamanamyzda bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejäniň manyly ömür ýoly, baý durmuş tejribesi göreldedir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowa Ogulabat ejäniň göreldelik ýoly bilen halkymyza türkmen zenanyna mahsus hormatyň nusgasyny görkezýär. Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi hem maşgala agzybirliginiň, ula hormatyň nusgasy bolup ýüreklerden orun aldy.

Keşdeler gözellerimiziň owadan kalby ýaly, synlanlarda ýakymly duýgulary döredýär. Sebäbi olara kalby owadan türkmen gelin-gyzlarynyň yhlasy, iň bir şirin duýgulary siňen. Olaryň biri çagalara söýgi garylyp çekilse, ýene birine iň bir pynhan arzuwlar siňdirilýär. Şonuň üçinem iň bir nepis, owadan zatlara: «Keşde çeken ýaly» diýilýär. Şeýle sözleri alajadyr beýleki el işleri hakynda-da aýdyp bolar.

Ybraýym ATAÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.