Nesillere dowamat-dowam

9 Awgust 2023
470

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa öz agtyklary bilen Ogulabat ejäniň nusgalyk el işini sarpalap, mähriban enäniň ören alajasyny hem-de alaja örmekde ulanan iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurdy. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Beýik Ogly dünýä beren beýik enäniň elinden çykan nepislikler bilen muzeý gymmatlyklarynyň üstüniň ýetirilmegi örän guwandyryjydyr.

Ogulgerek Berdimuhamedowa özüniň mähriban gaýynenesiniň zenan mertebesine aýratyn ähmiýet berendigi hem-de el hünäriniň gelin-gyzlar üçin asylly ýörelgä öwrülmelidigi barada aýdan paýhasly sargytlary barada gürrüň berdi. Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi, şunda güjümiň öserine zeper ýetirmän, onuň şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken. Bularyň ählisi durmuş ýoly görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň tebigata örän aýawly çemeleşmek barada gymmatly maslahatlary berendigini görkezýär.

«Arkadag»