Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

10 Awgust 2023
555

Suratda: (çepden) Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ykdysady-geografiýa kafedrasynyň dosenti Durdy Amenekow gelni Ejebaý, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hydyr Derýaýew gelni Kümüş bilen (1936 ý.).

Ynsan ömri akyp barýan suw ýaly. Onuň ilkinji tereň gözbaşy ýaşlykdyr. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hydyr Derýaýewiň maşgala arhiwinden tapylan bu fotosuraty redaksiýamyza maryly okyjymyz Kakajan Balkanow iberdi. Hydyr aganyň dosty hem obadaşy Durdy Amenekow bilen maşgala bolup surata düşmegi iki ýaş juwanyň ylmy hem ruhy bitewüliginden nyşan.