Saçak — sahawatyň çeşmesi

10 Awgust 2023
633

Saçak — türkmeniň rysgal-bereket gymmatlygy. Sahawatly halkymyz saçak ýazyp, supra ýaýan halk. Menzilleri külterläp gelen taryhy ýolumyzda saçak taýýarlamak senetçiligi hem giň gerime eýe bolupdyr. Her bir maşgalanyň öýüniň bereket-bolçulygynyň nyşany hasaplanýan saçaklaryň dürli görnüşi taýýarlanypdyr. Mata saçaklar düýeýüň saçagyň içinden çörekleri dolap goýmak üçin tikilipdir. Mukaddeslik derejesine ýetirilen düýeýüň saçak çöregi ýumşak saklaýar. Oňa dolanan çörek zaýalananok. Bu saçak öýde rysgal-döwletiňi saklaýar diýlip yrym edilýär. Ony taýýarlamak üçin düýäniň ýüňi boýalanok. Ol tebigy reňkinde dokalýar. Düýe ýüňüniň meňzeşlerini saýlap alyp, ony arassalamaly, tüýtmeli. Ýüňdarakda daramaly. Kiçiräjik pişge etmeli. Soňra ikde egirmeli. Erşini, argajyny aýry-aýry egirmeli. Soňra ýumaklamaly. Saçak, esasan, torumyň gapdal ýüňünden alnyp, egrilip dokalýar. Bu ýüň ýumşak bolýar. Ol inçe egrilip, syk dokalýar. Düýe ýüňüniň ählisi saçaga ýaraýar. Ýöne torumyň ýüňi iňňän arassa bolýar. Ene-mamalarymyz: «Düýe ýüňi çoga bolmaz, goýun ýüňi — çyga» diýipdir. Belläp geçişimiz ýaly, torum ýüňi tüýdülip, darakdan geçirilip, pişge edilýär. Pişgäni ikde inçejik egrip, iç towuny gatyja bermeli. Şeýle edilende, saçaklar we agar çäkmenler syk hem nepis bolýar.

Saçaklygy ýere gazyk kakyp, sähetli gün ýüwürtmeli. Düýe ýüňünden egrilen ýüpler birikdirilip ýüwürdilýär. Ilki argajyny goýbermeli. Soň çekeräk berip, arasyna reňkli sapaklar goşulýar. Saçagy öýüň içinde hem ýüwürdip bolýar. Biri mäşirigi gazyklaryň daşyndan aýlap gatnatmaly. Beýleki biri oturan ýerinde şol ýüpi gazygyň daşyndan aýlap almaly. Ilki aňyrdan gelýän ýüpi iki gazygyň daşyndan aýlamaly. Soňra ikinji gezek gelýän ýüpi gazygyň arkasyndan alyp küjülemeli. Soňra dokap başlamaly. Ol erikden ýasalan gylyçda dokalýar. Dokalyp bolnansoň, sähetli gün kesmeli. Soňra gatyny birleşdirip, islegiňe görä göwrümde tikmeli. Daşyna alaja tutmaly.

Ogultäç HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.