Gyratyň meýdany

9 Awgust 2023
517

Men Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hakda pikir edenimde, ilki bilen, serime gelen şahsyýet Jygalybeg boldy. Halkyň alnyndan diremek nesibesi bilen garaňky görüň içinden diri çykan Röwşenjigiň Görogla, ata tarapynyň hem, ene tarapynyň hem asly suw atyndan bolan taýçanajygyň bolsa Gyrata öwrülişinde aýratyn ähmiýetli orny eýelän şahsyýet.

«Görogly» eposynda Gyratyň, ýagny bedew atyň orny, ähmiýeti hakda içginden-içgin gürrüňi uzaltmak, ony hemmeleriň bilýän wagtynda söhbediň gyzygyny gaçyraýjak ýaly. Çünki halk arasynda Görogly diýdigiň, hemmeleriň hakydasynda Gyrat janlanýar, Gyrat diýseňem, Görogly. Bu jübütligiň üstüni ýetirýän ýene bir gudrat bar. Has dogrusy, birem däl, iki. Ol hem jübütlik. Söz bilen saz. «On sekiz ýerimden düşdi ýaramyz, Gyrat meni Çandybile sen ýetir» diýse düşünýän, Öweziň yzyndan barýarka, çopan goşunda köne-küşül eşigi geýende namys edip, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýän bedew üçin Görogly beg hem gara başyny orta goýmagy başarýar. Kempiriň hilesine çolaşyp, elden gideren bedewini — Gyratyny Şagalandar bolup, paý-pyýada alyp gaýdýar. Görogly diýilse, dili salamly, kalby kelamly ýigit göz öňüňde häzir bolýar. Göz öňüne getirmeli bolsa, ony ýagyrnysy dutarsyz şekilde göz öňüňde janlandyrmak hem mümkin däl. Elbetde, döwüş pursatlaryndan özge pursatlary. Görogly göreşse — pälwan, aýdyşsa — aýdyjy bagşy.