Sazlardan ylham alyp...

9 Awgust 2023
393

Welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Allaberdi Ereşow aýdym-saz sungaty bilen baglanyşykly birnäçe kitaplaryň ýazary. Gazetimiziň şu sanynda alymyň saz sungatynyň tebigat bilen baglanyşygy hakyndaky söhbediniň size ýetirmegi makul bildik.

— Saz sungatynyň taryhyny öwreniji alym Al-Faraby üflenip çalynýan saz gurallarynyň döreýşini şeýle düşündirýär: «Daglaryň gowaklaryna ýel düşende, agaçlaryň şahalary güýçli şemallarda ses edipdir. Adamlar tebigatda bolup geçýän hadysalary, haýwanlaryň seslerini diňläpdirler. Haýsy hem bolsa turba görnüşli çöpleri üfläp görüpdirler we şol gurallardan dürli sesleri almagyň usulyny tapypdyrlar. Bu bolsa saz guralynyň we sazyň döremegine getiripdir».