"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Paýhasa eýlenen pähimler

Gury sandyr adam bolsa bilimsiz, Ganaty gyryk guş uçmaz, biliň siz! SENAÝY. Kimde-kim akyldar, bolsa bilimli,Ölse-de ýatlanar, şuny bil indi.Esedi TUSY.

Jaýdar söze gulak goýsaň...

Buzurgmehrden soradylar: — Haýsy zady hiç wagt ýadyňdan çykarmaly däl?

Sungata siňen alabaý

Halkymyzyň arasynda türkmen alabaý itleri bilen baglanyşykly täsin ynançlar we däp-dessurlar köp duş gelýär. Meselem, biriniň çagasy durmazak bolsa, soňky doglanja bäbejigi gundap, gundag bagyna-da bir döwüm çörek gysdyryp, ony itiň öňünde goýupdyrlar. Item bäbejigi ysgaşdyryp görýär-de, onuň özüne degmän, gundag bagyna gysdyrylan çöregi alyp, aňyrrakda iýmäge durýar. Bu dessury berjaý edip duranlaram: «Ana, gördüňizmi, bu oglumyzy item almady, indi ony derdem almaz» diýip, itiň bu akylly hereketini ýagşylyga ýorýarlar. Oglanjygyň adyna-da Italmaz goýýarlar. Şeýle-de bir tymsal halk arasynda meşhurdyr. It diýermiş: «Hojaýynymyň ogly bolsun alty sany, alty ogluň her birisi berer maňa döwüm nany, etin iýip, maňa oklar olar her gün omaçany».

Danalaryň dürdänelerinden

● Geňeşli bilim uzlaşar, görk açar, geňeşsiz bilim köneler, pos açar. ● Ylym we hünär başy dildir.

Ak keçe ak arzuwa atarýar

Keçäniň dürli maksatlar üçin ulanylmagy bu senediň barha kämilleşip, sungat derejesine ýetirilmegine getiripdir. Keçeden ak öýleriň düşegi, serpigi, atlar üçin ýapynja, düýeler üçin halyk, sandyklara örtgi, sallançak üçin düşek, namazlyk, dolak, jorap, ädik taýýarlanypdyr. Keçe önümlerinden ýaş çagalara niýetlenip taýýarlanýan eşikler çaga döwründen başlap, ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Arassa ýüňden basylyp taýýarlanan ak keçeden çaga üçin ýorganjyk, elde sünnälenip tikilen daşky eşikler, joraplar, ädikler, ädige çalymdaş şüwmenler taýýarlanypdyr. Milli nagyşlar bilen oglan ýa-da gyz bäbejikler üçin tapawutlandyrylyp bezelen ak keçe ädigi (şüwmen) göreniňde başarjaň we dörediji türkmen zenanlarynyň el işlerine buýsanjyň artýar. Ak keçeden taýýarlanan önümler «jüýje», «it dişi», «gülýaýdy», «ak tüýnük», «alaja», «pytga», «zynjyr», «daragt», «käbe ýoly» ýaly nagyşlar bilen bezelipdir. Diş toýunda ak keçede çagany oturdyp, üstünden ak patrak seçilmegi, saç toýunda bolsa ak keçäniň üstünde oturdyp, daýysyna saçynyň aldyrylmagy, ýaşulularyň pygamber ýaş toýunda sowgatlyk berilmegi gadymy milli gymmatlyklarymyzyň arasynda bu senede uly ornuň degişlidigini aňladýar. Ak keçe bilen bagly ýörgünli «han götermek» dessury ruhy dünýämizde örän arzyly hasaplanypdyr. Bu barada Milli Liderimiz şeýle ýazýar: «Oguz dessuryna görä, hökümdarlara ak keçäniň üstünde

Alaja barada

Alaja ýaman gözlerden goraýandygy üçin enelerimiz olary çagalaryň boýnuna, goşaryna dakypdyrlar. * * *

Çagalaryň söýgüsini gazanan şahyr

Edebi döredijiligiň ähli görnüşem ýazyjy-şahyrdan ussatlygy talap edýär, ýöne çagalar üçin eser döretmek üçin olaryň durmuşyny, hereketlerini, sözleýiş endiklerini bilmegiň, mahlasy, olara juda golaý bolmagyň zerur. Munuň şeýledigine türkmen edebiýatynyň taryhynda çagalar ýazyjysy-şahyry hasaplanan halypalaryň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Özüniň gysga ömrüni mugallym hökmünde-de, şahyr hökmünde-de, çagalaryň terbiýesine, olaryň durmuşda öz orunlaryny tapmaklaryny ündemäge bagyş eden Aky Baýmyradow bu gün hormat bilen ýatlanylmaly halypalaryň biridir. Türkmenistanyň belli çagalar şahyry Aky Baýmyradow 1927-nji ýylda Murgap etrabynyň şol wagtky Suhty obasynda dogulýar. Ol ilki Murgapdaky ýediýyllyk mekdebi tamamlaýar. Az salymdan Aşgabatdaky mugallymçylyk mekdebiniň taýýarlaýyş bölümine okuwa girýär. Geljekki şahyr 1947-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa kabul edilýär. Emma 1948-nji ýylda Aky Baýmyradowy beýleki birnäçe okuwçylar bilen birlikde häzirki Türkmenabat şäherindäki mugallymçylyk mekdebine geçirýärler. Ol 1950-nji ýylda bu mekdebi tamamlap, häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gaýybana bölümine okuwa girýär. Şol döwürler ýurdumyzda bilimli mugallymlaryň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, A. Baýmyradow 1960-njy ýyla çenli orta mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymy, mekdep müdiriniň o

Şahyryň arzuwlan ajap eýýamy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz söz mülküniň ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çäksiz hormat goýýar, özüniň manyly çykyşlarynda şahyryň şygyrlaryna yzygiderli ýüzlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň  Köpetdagyň etegindäki Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň dowamynda şahyryň heýkeliniň öňünde  söz ussadyna bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okap bermegi, şahyryň mertebesini has-da belende göterdi. Okyjylaryň aňynda baky orun alan şygyrlar, şahyr ýüreginden güýç alýan sözüň gudratyny, ölmez-ýitmez häsiýete eýeligini aýan edýär. Gahryman Arkadagymyz: Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne —

Taryhy şöhratly, şu güni şanly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şöhratly taryhymyzy, gadymy edebi mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açyldy. Geljek ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegine görülýän taýýarlygyň çäklerinde şahyryň döredijiligi bilen bir hatarda şol döwürde ýaşap geçen şahyrlaryň döredijiligini öwrenmäge uly mümkinçilik döredi. Dilden dile geçip gelen gürrüňlerde, ylmy edebiýatlarda Magtymguly Pyragynyň Halaç etrabynyň ozalky Gyzylaýak (häzirki Magtymguly) obasynda ýerleşýän Idris baba medresesinde okandygy bellenilýär. Mysal üçin, 1992-nji ýylda neşir edilen «Magtymgulynamada» beýik akyldar şahyrymyzyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň öz oglunyň Idris baba medresesinde, Nyýazguly ahunyň elinde okamagyny isländigi barada ýazylýar. Kitapda Döwletmämmet mollanyň ala-böle Nyýazguly ahuny saýlamagynyň sebäbi görkezilýär. Ýagny, olar öňden bäri gatnaşykda bolupdyrlar. 1959-njy ýylda Mäti Kösäýewiň we Aman Kekilowyň redaksiýasy bilen çap edilen «Magtymguly hakynda halk rowaýatlary» atly kitapda hem Magtymguly Pyragynyň bu ýerde okandygy barada ýerli ýaşaýjylardan ýazylyp alnan ýatlamalar getirilýär.

Nepisligiň nusgasy

Alaja zenanlarymyzyň ajaýyp el işleriniň biri bolup, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna aralaşan inçe sungatdyr. Irki döwürlerde halkymyzda: «Alajada gözüň agy-garasynyň, gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbi bar» diýen ynanç ýörgünli bolupdyr. Onuň göz degmekden, erbet nazarlardan goraýandygyna hem ynanylypdyr. Alajanyň örülen hem-de tow berlen görnüşleri bolup, olar «ýönekeý alaja», «goşma alaja», «bugdaýbaş alaja», «çigildem alaja», «älem alaja», «toýnukly alaja», «çyzykly alaja», «çyraly alaja» ýaly atlar bilen atlandyrylýar. Alaja örmek ene-mamalarymyzdan galan milli mirasdyr. Bu inçe nepislik nesilden-nesle geçmek bilen, öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Irki wagtlardan bäri alaja örmek türkmen gelin-gyzlarynyň çagalykdan öwrenýän ilkinji el hünäridir. Alajany ene-mamalarymyz dürli reňkli ýüplerden, sapaklardan örän sünnäläp işipdirler, örüpdirler we olary görnüşleri boýunça ulanypdyrlar. Bu gadymy we müdimi senetçiligimiziň biziň günlerimize gelip ýetmeginde eli çeper zenanlaryň bitirýän işleri bellenilmäge mynasypdyr. Enelerimiziň nusgalyk göreldesi milli gymmatlyklarymyzyň nesilden-nesle geçmegini we dowamat-dowam bolmagyny şertlendirýär.

Milli gymmatlygymyza belent sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitabynda alabaýyň gelip çykyşy, taryhy dogrusynda gymmatly maglumatlar berilýär. Bu kitaby okap çykanyňdan soňra, milli gymmatlygymyza bolan buýsanjyň bir gez belende göterilýär. Elbetde, bedew atlarymyzyň eýesine wepaly bolşy ýaly, alabaý itleri-de wepalylyk häsiýeti bilen öňe saýlanýan jandarlaryň biridir. Ata-babalarymyz alabaýy wepaly ýoldaş, dost saýypdyrlar. Türkmen halkynyň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda hem itler bilen baglanyşykly pähimler az däl. «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger», «It — ata, är — daýa», «It — çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «It gylygyna eýesi ýetik», «It itiň guýrugyny basmaz, mert merdiň ýoluny kesmez», «Itim — gutum», «It geldi — gut geldi», «Itiň demi — süňküň emi» ýaly nakyllar halkymyzyň durmuşynda alabaýlaryň uly orun eýeleýändiginiň güwäsidir.

El hünäri — il gezer

DÜNÝÄMIZIŇ BEZEGI Türkmeniň milli el işleri gelin--gyzlaryň zehininden, on barmagynyň gudratyndan döreýän täsin sungatdyr. Türkmeniň keşdeçilik sungatynyň asyrlaryň dowamynda sünnälenilip, şu günlerimize ýetirilmegi biz — zenanlary örän buýsandyrýar. Umuman, zenan kalbynyň gözelligi siňen keşdeler bilen bezelen egin-eşikler türkmeniň milli medeniýetiniň has-da ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Geljekki terjimeçileriň tejribe sapaklary

Şu günler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we Arheologiýasy institutynda önümçilik tejribesini geçýärler. Olar bu ýerde ýurdumyzda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag işlerini alyp barýan görnükli alym-arheologlar bilen duşuşyp, taryhymyzyň şöhratly sahypalary barada giňişleýin düşünje alýarlar. Bu ýerde ýerleşýän arheologiýa we etnografiýa muzeýinde saklanylýan dürli gymmatlyklar bilen tanyşýarlar. Şeýle-de talyplar bu günki günde diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da giňden tanalýan alym-etnograflaryň, taryhçylaryň halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, gadymy kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhymyza bagyşlap ýazan ylmy makalalaryny iňlis diline terjime etmek bilen içgin meşgullanýarlar. Geljekki terjimeçiler nazaryýetde alan bilimlerini amaly iş arkaly baýlaşdyryp, G.Ýagşymyradowyň «Merwiň ýakyn Gündogar ýurtlar bilen ylym-bilim gatnaşyklary», M.Orazgylyjowyň «Parfiýa — bitaraplyk derejesi halkara şertnamalarynda hasaba alan ilkinji döwletdir», J.Babaýewanyň «Žurnalistikany döwrebap iňlis dilde okatmagyň ähmiýeti», A.Şamämmedowyň «XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda türkmen çagalarynyň oýnawaç saz gurallary» atly ylmy makalalaryny iňlis diline terjime etdiler. Talyp ýaşlaryň terjime eden makalalary ýurdumyzda neşir edi

Ýunus Emräniň edebi mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde, türkmen halkynyň edebi mirasynyň alymlar tarapyndan täzeçe öwrenilmegine hem-de ýaş nesillere öwredilmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, parasatly atalaryň, dana pederleriň asylly nesilleri hökmünde biz bu gün beýik alymlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryna çäksiz hormat goýmak bilen, olara buýsanmalydyrys, guwanmalydyrys. Beýik söz ussatlary geljek nesillere edebi, ruhy, çeperçilik gymmatlyklary miras galdyrmak bilen, öz halkynyň dilini-de timarlaýar, kämilleşdirýär, baýlaşdyrýar, ösdürýär. Çeper döredijilikde halkyň ruhy dünýäsine aralaşmak üçin, ilki bilen, onuň dilini, halk döredijiligini, taryhyny, ruhy garaýyşlaryny oňat bilmeli. Şahyr halk dilini, halk ýaşaýşyny näçe gowy bilse, onuň eserleri-de şonça kämil bolýar.

Alabaý — milli buýsanjymyz

Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy dabaraly bellenilip, ol alabaý itlerine goýulýan belent sarpanyň ýene bir gezek subutnamasy boldy. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işlerini ösdürmek,  kämilleşdirmek degişli ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm bölegine öwrüldi. Alabaý itleri gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanyna öwrülip, halkyň medeniýetinde möhüm orna eýedir.

Milli gymmatlygymyza belent buýsanjyň beýany

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkezinde guran dabarasyna il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, dürli kärde zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş  edenler «Türkmen alabaýlary goragçy, sakçy itleriň hatarynda öňdäki orunlarda durýar. Olaryň söweşjeň häsiýete eýe bolandygyna taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Bular barada Gahryman Arkadagymyz öz eserlerinde belläp geçýär. Alabaý itleri hem behişdi bedewlerimiz ýaly milli gymmatlygymyzdyr» diýip nygtamak bilen, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, türkmen alabaý itleriniň at-owazasyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra medeni çärelere giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasynda, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň waspy ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň b  u ýerde guralan ajaýyp kitaplarynyň, ýaş suratkeşleriň türkmen alabaýyna bagyşlap döreden eserleriniň, amala-haşam sungatynyň sergisi hem köpleriň ünsüni özüne çekdi.

Türkmeniň wepaly dosty

Şu gün, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaraly çäreler işjeň ýagdaýda eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaraly bellenilip geçilmegi olaryň sanynyň köpeldilmegine hem-de seçgiçilik işleriniň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylýandygynyň alamatydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda itleriň biziň günlerimize çenli gelip ýeten bu kämil tohumynyň taryhyny, olaryň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, türkmen alabaýlarynyň gymmatly genofonduny kemala getirmek, itşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredildi. Milli itşynaslygyň ajaýyp ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, türkmenleriň müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dosty, ýakyn hemrasy bolan alabaýlary dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Bu ugurda ýurdumyzyň ähli künjeginde häzirki zaman desgalarynyň, toplumlarynyň, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen alabaýynyň heýkeliniň,  Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezleriniň açylmagy, tohum itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn düzümleri ösdürmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleriň subutnamasydyr. Şunda alabaýlary

Alabaýly pähimler

It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy. * * *

Türkmeniň buýsanjy, mirasyň genji

Türkmen alabaýy! Bu sözi dile getireniňde akylly, daýaw, göreni özüne çekýän, haýbatly, şol bir wagtda mähirli türkmen iti göz öňüne gelýär. Taryhyň sahypalaryna ser salsak, türkmen alabaýlarynyň örän irki döwürlerden bäri merdana halkymyzyň ýakyn hemrasy bolandygy barada çeşmeler habar berýär. 1904-nji ýylda amerikan geology Rafael Pompelliniň ýolbaşçylygynda Änew depelerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende türkmen atlarynyň we itleriniň ystyhanlary tapylýar. Alymlar ol tapyndylara ylmy seljerme berenlerinde bolsa olaryň atlaryň we itleriň gadymy neslindendigine göz ýetirýärler. 1908-nji ýylda R.Pompelliniň ýolbaşçylygynda geçirilen «Änewiň gadymy ösüşi» atly barlaglaryň netijesinde Änewde dünýäde ilkinji bolup bir örküçli düýeleriň, atlaryň we itleriň eldekileşdirilendigi mälim edilýär.

Baý taryhly alabaý

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleriň tutuş ýurdumyzy gurşap alan häzirki günlerinde has-da ähmiýetli bolar diýen niýet bilen milli gymmatlygymyz bolan alabaý itleri hakynda toplan bu maglumatlarymyzy okyjylarymyza hödürleýäris. Türkmen topragyna XIX asyryň ortalarynda syýahat eden A.Borns öz ýatlama ýazgylarynda şeýle diýip ýazypdyr: «Gözýetmez Garagum sährasynda süri-süri mallary bakmak üçin 2-3 çopan ýeterlikdir. Sebäbi çopanlaryň birnäçe adamyň bitirýän hyzmatlaryny öz gerdenine alýan paýhasly hem düşbi çopan itleri bar. Şoňa görä-de, kemsiz terbiýelenen çopan itiniň bahasy örän ýokarydyr. Bir çopan itine 2-3 düýäniň bahasynyň berilýän halatlaryna-da gabat gelinýär».