Alabaý — milli buýsanjymyz

30 Oktýabr 2023
764

Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy dabaraly bellenilip, ol alabaý itlerine goýulýan belent sarpanyň ýene bir gezek subutnamasy boldy.

Türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işlerini ösdürmek,  kämilleşdirmek degişli ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm bölegine öwrüldi. Alabaý itleri gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanyna öwrülip, halkyň medeniýetinde möhüm orna eýedir.

Mährijemal Nyýazdurdyýewa,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.