Nepisligiň nusgasy

1 Noýabr 2023
736

Alaja zenanlarymyzyň ajaýyp el işleriniň biri bolup, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna aralaşan inçe sungatdyr. Irki döwürlerde halkymyzda: «Alajada gözüň agy-garasynyň, gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbi bar» diýen ynanç ýörgünli bolupdyr. Onuň göz degmekden, erbet nazarlardan goraýandygyna hem ynanylypdyr. Alajanyň örülen hem-de tow berlen görnüşleri bolup, olar «ýönekeý alaja», «goşma alaja», «bugdaýbaş alaja», «çigildem alaja», «älem alaja», «toýnukly alaja», «çyzykly alaja», «çyraly alaja» ýaly atlar bilen atlandyrylýar.

Alaja örmek ene-mamalarymyzdan galan milli mirasdyr. Bu inçe nepislik nesilden-nesle geçmek bilen, öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Irki wagtlardan bäri alaja örmek türkmen gelin-gyzlarynyň çagalykdan öwrenýän ilkinji el hünäridir. Alajany ene-mamalarymyz dürli reňkli ýüplerden, sapaklardan örän sünnäläp işipdirler, örüpdirler we olary görnüşleri boýunça ulanypdyrlar. Bu gadymy we müdimi senetçiligimiziň biziň günlerimize gelip ýetmeginde eli çeper zenanlaryň bitirýän işleri bellenilmäge mynasypdyr. Enelerimiziň nusgalyk göreldesi milli gymmatlyklarymyzyň nesilden-nesle geçmegini we dowamat-dowam bolmagyny şertlendirýär.

Akjemal ŞIROWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.