Türkmeniň buýsanjy, mirasyň genji

28 Oktýabr 2023
727

Türkmen alabaýy! Bu sözi dile getireniňde akylly, daýaw, göreni özüne çekýän, haýbatly, şol bir wagtda mähirli türkmen iti göz öňüne gelýär. Taryhyň sahypalaryna ser salsak, türkmen alabaýlarynyň örän irki döwürlerden bäri merdana halkymyzyň ýakyn hemrasy bolandygy barada çeşmeler habar berýär.

1904-nji ýylda amerikan geology Rafael Pompelliniň ýolbaşçylygynda Änew depelerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende türkmen atlarynyň we itleriniň ystyhanlary tapylýar. Alymlar ol tapyndylara ylmy seljerme berenlerinde bolsa olaryň atlaryň we itleriň gadymy neslindendigine göz ýetirýärler. 1908-nji ýylda R.Pompelliniň ýolbaşçylygynda geçirilen «Änewiň gadymy ösüşi» atly barlaglaryň netijesinde Änewde dünýäde ilkinji bolup bir örküçli düýeleriň, atlaryň we itleriň eldekileşdirilendigi mälim edilýär.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.