Türkmeniň wepaly dosty

29 Oktýabr 2023
809

Şu gün, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilip geçilýär. Baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaraly çäreler işjeň ýagdaýda eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaraly bellenilip geçilmegi olaryň sanynyň köpeldilmegine hem-de seçgiçilik işleriniň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylýandygynyň alamatydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda itleriň biziň günlerimize çenli gelip ýeten bu kämil tohumynyň taryhyny, olaryň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek, türkmen alabaýlarynyň gymmatly genofonduny kemala getirmek, itşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredildi. Milli itşynaslygyň ajaýyp ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, türkmenleriň müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dosty, ýakyn hemrasy bolan alabaýlary dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Bu ugurda ýurdumyzyň ähli künjeginde häzirki zaman desgalarynyň, toplumlarynyň, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen alabaýynyň heýkeliniň,  Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezleriniň açylmagy, tohum itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn düzümleri ösdürmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleriň subutnamasydyr. Şunda alabaýlary ösdürip ýetişdirmäge, alabaýlaryň neslinde olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga hem-de berkitmäge bildirilýän ähli talaplar göz öňünde tutulyp, seçgiçi hünärmenleriň, zootehnikleriň, weterinarlaryň amatly şertlerde netijeli işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny, tohum arassalygyny, dünýä medeniýetiniň gaýtalanmajak bölegi hökmünde onuň ähmiýetini wagyz etmek, ýurdumyzda itçilik pudagyny ösdürmek, onuň halkara giňişlige işjeň goşulmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň ÝUNESKO hem-de beýleki iri düzümleri, şol sanda dünýäniň dürli döwletleriniň hususy itşynaslary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.

Ýörite habarçymyz.