Şahyryň arzuwlan ajap eýýamy

2 Noýabr 2023
1050

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz söz mülküniň ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çäksiz hormat goýýar, özüniň manyly çykyşlarynda şahyryň şygyrlaryna yzygiderli ýüzlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň  Köpetdagyň etegindäki Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň dowamynda şahyryň heýkeliniň öňünde  söz ussadyna bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okap bermegi, şahyryň mertebesini has-da belende göterdi. Okyjylaryň aňynda baky orun alan şygyrlar, şahyr ýüreginden güýç alýan sözüň gudratyny, ölmez-ýitmez häsiýete eýeligini aýan edýär.
Gahryman Arkadagymyz:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne —

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, žurnalist.