Taryhy şöhratly, şu güni şanly

1 Noýabr 2023
719

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şöhratly taryhymyzy, gadymy edebi mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açyldy. Geljek ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegine görülýän taýýarlygyň çäklerinde şahyryň döredijiligi bilen bir hatarda şol döwürde ýaşap geçen şahyrlaryň döredijiligini öwrenmäge uly mümkinçilik döredi.

Dilden dile geçip gelen gürrüňlerde, ylmy edebiýatlarda Magtymguly Pyragynyň Halaç etrabynyň ozalky Gyzylaýak (häzirki Magtymguly) obasynda ýerleşýän Idris baba medresesinde okandygy bellenilýär. Mysal üçin, 1992-nji ýylda neşir edilen «Magtymgulynamada» beýik akyldar şahyrymyzyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň öz oglunyň Idris baba medresesinde, Nyýazguly ahunyň elinde okamagyny isländigi barada ýazylýar. Kitapda Döwletmämmet mollanyň ala-böle Nyýazguly ahuny saýlamagynyň sebäbi görkezilýär. Ýagny, olar öňden bäri gatnaşykda bolupdyrlar. 1959-njy ýylda Mäti Kösäýewiň we Aman Kekilowyň redaksiýasy bilen çap edilen «Magtymguly hakynda halk rowaýatlary» atly kitapda hem Magtymguly Pyragynyň bu ýerde okandygy barada ýerli ýaşaýjylardan ýazylyp alnan ýatlamalar getirilýär.

Rozgeldi DÖWLETOW,
Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy.