Sungata siňen alabaý

8 Noýabr 2023
783

Halkymyzyň arasynda türkmen alabaý itleri bilen baglanyşykly täsin ynançlar we däp-dessurlar köp duş gelýär. Meselem, biriniň çagasy durmazak bolsa, soňky doglanja bäbejigi gundap, gundag bagyna-da bir döwüm çörek gysdyryp, ony itiň öňünde goýupdyrlar. Item bäbejigi ysgaşdyryp görýär-de, onuň özüne degmän, gundag bagyna gysdyrylan çöregi alyp, aňyrrakda iýmäge durýar. Bu dessury berjaý edip duranlaram: «Ana, gördüňizmi, bu oglumyzy item almady, indi ony derdem almaz» diýip, itiň bu akylly hereketini ýagşylyga ýorýarlar. Oglanjygyň adyna-da Italmaz goýýarlar.

Şeýle-de bir tymsal halk arasynda meşhurdyr. It diýermiş: «Hojaýynymyň ogly bolsun alty sany, alty ogluň her birisi berer maňa döwüm nany, etin iýip, maňa oklar olar her gün omaçany».

Jumagül BAZAROWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.