Çagalaryň söýgüsini gazanan şahyr

8 Noýabr 2023
1015

Edebi döredijiligiň ähli görnüşem ýazyjy-şahyrdan ussatlygy talap edýär, ýöne çagalar üçin eser döretmek üçin olaryň durmuşyny, hereketlerini, sözleýiş endiklerini bilmegiň, mahlasy, olara juda golaý bolmagyň zerur. Munuň şeýledigine türkmen edebiýatynyň taryhynda çagalar ýazyjysy-şahyry hasaplanan halypalaryň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Özüniň gysga ömrüni mugallym hökmünde-de, şahyr hökmünde-de, çagalaryň terbiýesine, olaryň durmuşda öz orunlaryny tapmaklaryny ündemäge bagyş eden Aky Baýmyradow bu gün hormat bilen ýatlanylmaly halypalaryň biridir.

Türkmenistanyň belli çagalar şahyry Aky Baýmyradow 1927-nji ýylda Murgap etrabynyň şol wagtky Suhty obasynda dogulýar. Ol ilki Murgapdaky ýediýyllyk mekdebi tamamlaýar. Az salymdan Aşgabatdaky mugallymçylyk mekdebiniň taýýarlaýyş bölümine okuwa girýär. Geljekki şahyr 1947-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa kabul edilýär. Emma 1948-nji ýylda Aky Baýmyradowy beýleki birnäçe okuwçylar bilen birlikde häzirki Türkmenabat şäherindäki mugallymçylyk mekdebine geçirýärler. Ol 1950-nji ýylda bu mekdebi tamamlap, häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gaýybana bölümine okuwa girýär. Şol döwürler ýurdumyzda bilimli mugallymlaryň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, A. Baýmyradow 1960-njy ýyla çenli orta mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymy, mekdep müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary bolup işleýär. Ol işiniň gapdalyndan edebi döredijilik işi bilen içgin gyzyklanýar.