"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat!

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bu şanly senäniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gabat gelmegi has-da guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 140 ýaşy arka atan gözel paýtagtymyzyň toý dabarasynyň belentden belent tutulmagy günbe-günden gülläp ösýän berkarar döwletimize, bagtyýar zamanamyza, eşretli durmuşymyza, Aziýanyň merjeni hasaplanýan şäherimize bolan çuňňur buýsanjymyzy alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek babatda bimöçber işler durmuşa ornaşdyryldy. Paýtagtymyzy ösdürmegiň hökmany ileri tutulýan ugurlary boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, sport desgalary we beýleki önümçilik maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary guruldy we bu uly özgertmeler häzirki wagtda ýokary depginde dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, gözel paýtagtymyz «Aziýanyň merjeni», «Parahatçylyk şäheri», «Aziýanyň Ženewasy», «Merkezi Aziýanyň ýüregi», «Ak mermerli Aşgabat» diýen ýaly buýsandyryjy häsiýetlendirmelere mynasyp boldy. Ýöne şolaryň içinde «Arkadagyň

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

Örän baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýet, senagat, ulag, medeniýet, syýahatçylyk, lukmançylyk, sport we beýleki ulgamlarda belent sepgitlere ýetdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilen maksatnamalar amala aşyryldy.

Bedewim — ganatym, alabaýym — wepadarym

2021-nji ýylyň 25-nji aprelinde ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda halk arasyndaky iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Çapyşyklaryň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Jemleýji ýaryşyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme Kubogy, degişli diplom berildi. Behişdi bedewlerimiz okgunly ösýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň özboluşly nyşanydyr. Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaý itleri hem öz gezeginde aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Halkymyzyň bu iki milli buýsanjynyň baýramynyň bir günde bellenmegi özboluşly many-mazmuna eýedir.

Döwletimiziň parlak ýaşyl baýdagy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly, ynsanperwer syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilip, ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Ösüşlerden ösüşlere barýan Türkmenistan döwletimiz dünýä bileleşiginiň deňhukukly döwletleriniň hatarynda özüniň wajyp ornuny eýeleýär. Dünýäniň ähli ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň ata Watanymyz Türkmenistanyň hem Garaşsyzlygyny aňladýan, dünýä derejesinde ähmiýeti bolan resmi nyşanlary bar. Bu mukaddes döwlet nyşanlarynyň biri-de Döwlet Baýdagymyzdyr.

Halkymyzyň ruhy gymmatlygy

Halkymyzyň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Ilkibaşda daş-töweregindäki dünýä bilen adamlary pugta baglanyşdyrýan, ýaşaýyş hajaty bolup hyzmat eden haly ahyrky netijede sungata öwrüldi. Onuň kämillige barýan ösüşiniň her bir döwründe öz ussatlary bolupdyr. Türkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar. Halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyrlar, gadymdan gelýän sungat eneden gyza geçipdir. Haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy gymmatlyga deňelýär. Bu ruhy gymmatlyk, bu miras türkmen halkynyň buýsanjydyr. Her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen halysynyň güni dabaraly bellenilip geçilip, bu ajaýyp sungatyň sarpasy belentden belent tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda ene-mamalarymyzyň yhlasyna, hünärine, zähmetine, olaryň döreden halyçylyk sungatyna ýokary baha berilýär. Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» kitabynda ýüň ýüplükleriň taýýarlanylyşynyň ädimme-ädim tapgyrlary geçip, älemgoşaryň ähli öwüşginlerini özünde jemleýändigi, olaryň çogdam ýagtylyk bolup, nagyşlara we keşdelere öwrülýändigi, şolaryň netijesinde ajaýyp halylaryň döredilýändigi barada buýsandyryjy gürrüň edilýär.

Baş maksadymyz — howpsuzlyk

Döwlet gözegçiligi bölümi önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň hiline, standartlaryň hem-de standartlaşdyryş boýunça beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar. Synag barlaghanalarynyň attestatlaşdyryş işlerini ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda hereket edýän önümçilikleriň, öndürilýän önümleriň toplumynyň hem-de ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň sertifikatlaşdyryş işlerini alyp barýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» görkezilen «Hil we ekologiýa ulgamyny dolandyrmak bilen baglanyşykly halkara standartlaryň talaplary boýunça edara-kärhanalary sertifikatlaşdyrmak işini ýaýbaňlaşdyrmak» diýen bendine laýyklykda işler alnyp barylýar. «Dag deňiz» hususy kärhanasynyň ýerine ýetirýän nebit-gaz ulgamynda ulag-logistika hyzmatlaryna 2021-nji ýylda TDS-ISO 9001:2015 (E) halkara standartyň talaplary boýunça hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty resmileşdirildi.

Bugdaý we hil

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde tutumly işler amala aşyrylýar. Merdana daýhanlarymyzyň yhlasly we halal zähmeti netijesinde ýylyň-ýylyna saçaklaryň bereketi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan guşgursak bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Diýarymyzyň ähli welaýatlarynyň edermen babadaýhanlary galla oragyna ykjam taýýarlykly geldiler. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýeriň hakyky eýesine berilmegi, suw, dökün bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegi, daýhanlaryň ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegi, ýer we howa şertlerine laýyk gelýän daşary ýurt tehnikalarynyň satyn alynmagy ekinleriň islendik görnüşinden, şol sanda bugdaýdan ýokary hasyl almaga giň mümkinçilikleri döretdi. Bugdaý hasylyny bökdençsiz ýygnamak üçin Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň hünärmenleri hem saldamly goşant goşdular.

Suw — gymmatly baýlyk

Ata-babalarymyz suwa uly sarpa goýup, ony tygşytly peýdalanmaga çalşypdyrlar. Diňe bir adamzadyň däl, eýsem, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýşynda hem suw ilkinji derejeli zerurlykdyr. Şol sebäpli pederlerimiz gadymyýetden bäri suw bilen baglanyşykly «Suw damjasy — altyn dänesi», «Ýer — hazyna, suw — göwher», «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» ýaly köpsanly nakyllary döredipdirler we olara eýermäge çalşypdyrlar. Şeýle çemeleşme halkymyzyň ýaşaýyş çäginiň tebigy şertleri, suwuň ýiti ýetmezçilik etmegi bilen hem baglydyr. Şol sebäpli halkymyz irki döwürlerden başlap, suw bilen baglanyşykly daýhançylyk däp-dessurlaryny berk berjaý edip, suwuň gyt şertlerinde hem toprakdan bol hasyl almagy başarypdyrlar, özleriniň kadaly ýaşaýşyny üpjün edipdirler. Olar çeşme, gar-ýagyş suwlaryndan peýdalanmagyň gymmatly tejribesini toplapdyrlar. Parasatly pederlerimiz irki döwürlerden başlap, suw desgalaryny gurmagyň gymmatly tejribesini toplap, ajaýyp suwaryş desgalaryny: bentleri, jykyrlary, guýulary, kärizleri, sardobalary gurupdyrlar. Murgapda Soltanbent, Gowşutbent; Tejen derýasynda Garrybent ýaly bentleri bina edipdirler. Bentleriň kömegi bilen suwy ýokary göterip, ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Halkymyz uly bolmadyk ekin meýdanlaryny suwarmak üçin, Daşoguz sebitlerinde we Amyderýanyň gollarynda jykyrlary ulanypdyr. Ekin meýdanlaryny kadaly suwarma

Ygtybarly synag — ýokary hil

Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Synag barlaghanasynyň ýeňil-dokma senagat we mebel önümlerini synagdan geçiriş bölüminde daşary ýurtlardan getirilýän, şeýle-de öz döwletimizde öndürilýän egin-eşikleriň dürli görnüşleriniň, trikotaž we mebel önümleriniň synaglary talabalaýyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şeýle hem standartlaşdyryş ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Diýarymyzda öndürilýän hem-de daşary döwletlerden getirilýän önümleriň, edilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak bu ulgamyň esasy wezipeleriniň biridir.

Önümçiligiň howpsuzlygy — ösüşlere badalga

Gullugymyzyň işgärleri tarapyndan welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygyň talabalaýyk ýola goýluşy hemişe üns merkezinde saklanýar. Täze gurulýan we durky täzelenýän desgadyr binalarda tehniki seljermäniň öz wagtynda geçirilmegi zerurdyr. Netijede, şol desgalarda ornaşdyrylýan tehnologik usullaryň hem-de enjamlaryň taslamalarynyň zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelmegi gazanylýar. 2021-nji ýylyň aprel aýynda Daşoguz nebit önümleri kärhanasynyň 84-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekediniň durky täzelendi we S.A.Nyýazow adyndaky etrapda täze kerpiç öndürýän kärhana guruldy. Gullugymyzyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň işgärleri tarapyndan bu kärhanalarda taslama resminamalaryna tehniki seljerme işleri geçirildi.

Dolandyryjy hünärmenleriň wezipeleri

Arkadag Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, adamzat paýhasynyň gazanan ajaýyp we möhüm üstünlikleriniň biri ylymdyr. Bu günki gün ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak esasy wezipeleriň biridir. Şu jähetden ugur alnyp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, hilini ýokarlandyrmak, döwrebaplaşdyrmak we dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ösen döwür bilen aýakdaş gitmek we onuň ýokary talaplaryny ödemek üçin tehnologiýalar dünýäsine aralaşmak, onuň soňky gazananlaryndan baş çykarmak, halkara dillerde öz pikiriňi erkin beýan edip bilmeklik esasy meseleleriň biri bolup durýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda şeýle ýokary taýýarlykly hünärmene bolan isleg häzirki döwürde has hem artýar.

Maliýe seljermesiniň kämil guraly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini hem-de sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Bu işler ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga giň ýol açýar. Audit düşünjesi ykdysady subýektiň maliýe hasabatlylygyndaky maglumatlaryň ygtybarlylygynyň we dolulygynyň derejesiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýändigi barada auditoryň garaşsyz pikirini beýan etmekden ybaratdyr.

Gaz üpjünçiliginiň howpsuzlygyny berjaý etmegiň hukuk kadalary

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Türkmenistanyň senagatynda nebitgaz toplumynyň paýynyň ýokary bolmagynda galýandygy, onuň önüminiň ýurduň eksportynda ýokary orunlary saklaýandygy aýdylýar. Bu pudagyň ösüşiniň dowam edýändigi we uglewodorodlary gaýtadan işlemäge, täze öňdebaryjy tehnologiýalary we önümçilikleri ornaşdyrmaga, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň çykarylyşyny artdyrmaga esasy üns berilýändigi bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahaty muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Maslahatda milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň biridigini, onuň işlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň dowam etmelidigini nygtady. Şeýle hem toplumda känleriň önüm berijiligini artdyrmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň halkara ekologiýa syýasaty

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara guramalary bilen köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar, umumadamzadyň geljegine gönükdirilen başlangyçlary BMG-niň dürli derejedäki düzümlerine yzygiderli hödürleýär. Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleler girýär.

Ekologik menejment ulgamyny ornaşdyrmagyň artykmaçlyklary

Soňky birnäçe onýyllyklaryň dowamynda dünýä jemgyýeti, sebitleri we guramalary ekologik meselelere aýratyn üns berýärler. Olar ekologik işi guramakda täze çemeleşmeleri gözlemegi, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegi we ornaşdyrmagy zerur hasaplaýarlar. Çölleşme, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi, şeýle hem topragyň we atmosferanyň hapalanmagy ekologik gün tertibiniň has wajyp meseleleri bolup durýar.

Nebitiň bugaryp gidýän ýeňil fraksiýalarynyň mukdaryny azaltmak

Türkmenistanyň çäginde nebiti we nebit önümlerini saklamak üçin 500÷5000 m3 göwrümli dik polat rezerwuarlar (çelekler) ulanylýar. Olaryň gurluşy we goşmaça ulanylýan enjamlaryň işleýiş mümkinçiligi Ýewropa sebitindäki 300C temperaturadan ýokary bolmadyk howa şertine niýetlenendir. Rezerwuaryň içki gurluşy nebit we nebit önümleriniň üstüni örtüji pontondan (saldan) ýa-da ýüzýän beýleki örtüklerden peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär. Galyberse-de, nebitiň ýeňil fraksiýalarynyň (düzüm bölekleriniň) bugarmasyny azaltmak maksady bilen rezerwuaryň üçeginde 200 Pa artykmaç basyşy döretmek üçin niýetlenen «dem alyş» goraýjy klapanlar we beýleki serişdeler oturdylýar. Olar üçege agram salyp, onda poslama hadysasyny tizleşdirýän artykmaç mehaniki güýjenmäni döredýär. Geçirilen seljermeleriň netijelerinden mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde polat rezerwuarlarda nebit we nebit önümleri saklananda, birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar. Olardan nebit alnanda, «dem alyş» klapanyň üsti bilen düzüminde suw bugy bolan howa rezerwuaryň içine girýär. Gijelerine ýa-da daşarky howanyň sowuk şertinde suw bugy suwuk hala geçip, rezerwuaryň üçeginde we onuň içki diwarynda damja görnüşinde çökýär. Bu bolsa polat rezerwuaryň poslamagyna getirýär. Rezerwuaryň üçegi endigan poslasa-da, onuň içki diwary tegmil görnüşinde poslama duçar bolýar. Daşky gurşawyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen damjalaryň po

Elektrohimiki elementleriň ulanylyşy

Elektrohimiýanyň döremegi ýa-da başgaça aýdanyňda, energiýanyň himiki we elektriki görnüşleriniň oýlanyp tapylmagy, esasan, gadymy Parfiýa we Merw döwürlerine degişlidir. Ata-babalarymyzyň üzüm şerbetini, sirkäni bişirilen toýun palçykdan ýa-da metaldan ýasalan küýzejiklerde saklandyklaryny çaklamak mümkin. Olar içi sinkli metal gabyň içine başga metaldan ýasalan susagy salmak bilen, gap bilen susagyň galtaşmazyndan ozal, olaryň arasynda özara himiki täsirleşmäniň ýüze çykýandygyny görüpdirler. Alhimikleriň aglabasynyň häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ýaşandyklary çaklanýar. Sebäbi biziň ýurdumyz himiki elementlere, hususan-da, kükürde, ýoda, broma, kümşe, mise we beýleki metallara baý ýurt.

Ýewropa bileleşigi döwletlerine eksport etmegiň kadalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eksportyň möçberiniň artmagy, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýändigini alamatlandyrýar. Bu babatda öndürilýän we eksport edilýän önümleriň standartlaryň talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak iň derwaýys meseledir. Türkmenistanyň eksport ugurlarynyň esasylarynyň biri-de Ýewropa Bileleşigidir. Şu makalada biz Ýewropa Bileleşigine satuwa getirilýän harytlyk önümlere bildirilýän talap kadalaryna garap geçeris. Soňky döwürde oba hojalyk önümleriniň satuwy yzygiderli giňelýär. Germaniýanyň çäklerinde satylýan organiki önümler Ýewropa Bileleşiginden däl-de, onuň düzümine girmeýän döwletlerden getirilýär. Beýleki döwletlerden import edilýän harytlaryň sanawy indi Ýewropa ýurtlaryna ozallar satyn alnyp getirilen adaty oba hojalyk harytlary (meselem, Ýewropada bitmeýän çaý, kofe we ş.m.) bilen çäklenmeýär. Häzirki döwürde Ýewropanyň bazarlarynda we dükanlarynda satylýan adaty harytlaryň hem köp bölegi daşary ýurtlardan getirilen önümlerdir. Meselem, kakadylan organiki önümler köp möçberde Hytaýdan satyn alynýar. Galla hasyly Ukrainadan getirilýär. Ýerli ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ýeralma hasyly ýygnalýança, Müsürde bitýän organiki ýeralma lomaýlygyna getirilip, Germaniýanyň «sagdyn iýmit» dükanlarynda ilata ýetirilýär.

Tehnologiýa we syýahatçylyk

Soňky onýyllyklarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň (MKT) hem metbugatyň ösüşi syýahatçylyk ulgamyna ýokary derejede täsirini ýetirdi. Sebäbi tehnologiýa bilen syýahatçylygyň arasyndaky soňky döwürde has berkeýän baglanyşyk bu pudagyň tebigatyna, ykdysady düzümine degişli düşünjeleriň üýtgemegine getirdi. Syýahatçylykda we myhmanhana hyzmatlarynda MKT-leriň netijeli, ýokary tizlikli infrastrukturasy, goşundylaryň programma üpjünçiligi möhüm orna eýedir. Syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary iş ýerlerinde işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly, hususan-da, onlaýn arkaly öňünden bellemek ýaly birnäçe meseläni çözmekde degişli tehnologiýalardan peýdalanýarlar.

Durnukly ösüşiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum syýasatyny berjaý etmek boýunça döwlet Maksatnamalary kabul edilýär hem-de durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikler berýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäkleriniň daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.