Sag başym — soltan başym
Öz saglygyň hem-de maşgala agzalaryňyzdyr iş salyşýan adamlaryňyzyň saglygynyň goralyp saklanmagy üçin arassaçylyk düzgünleriniň doly, dogry we öz wagtynda berjaý edilmegi zerurdyr. Bu düzgünleri çagalarymyza hem öwretmeli. Ilkinji nobatda, daşaryk çykylanda, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly we agyz-burun örtüklerini dakynmaly. Dürli kesel dörediji mikroblaryň we bakteriýalaryň ellerde toplanýandygy üçin elleşip salamlaşman, jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr araçägi saklamaly. Köpçülikde asgyryp-üsgürýän adamlardan gaça durmaly. Günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri ulanmaly. Daşardan ýa-da köpçülik ýerlerinden gelnende, hökman elleri sabyn bilen mazaly ýuwmaly. Nahardan öň we soň, hajathana girilenden soň, elleri sabyn bilen ýuwmak endige öwrülmelidir. Işde we öýde otaglaryň howasyny çalşyp, arassa saklamaly. Gapylaryň tutawaçlary, otag mebelleri, telefon, kompýuteriň klawiaturasy, pulty ýaly ýygy-ýygydan elleýän zatlaryňyzy zyýansyzlandyryjy çygly esgi bilen arassalap durmaly.