Çaga — durmuşyň güli. Ony döwrebap terbiýelemek, bezemek ata-enäniň arzuwy, yhlasy. Türkmeniň durmuşynda bu alada has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar, nesilden-nesle geçýär, döwrebaplaşýar.
Ene-mamalarymyz öz isleg arzuwlaryny hüwdüleriň üsti bilen çagalarynyň gulagyna ýetirip, olary ukladypdyrlar. Däp-dessurlary, dilegdir hyýallaryny maddylaşdyrypdyrlar. Çagalaryny gözden-dilden, bela-beterden goramak isläp, her hili tumarlary, gözmonjuklary, alajalary, düýe ýüňünden örülen ýa-da işilen ýüpjagazlary, dagdandyr balykgulajyklary, düwmejikler berkidilen (oňa «jaňjagaz» hem diýilýär) bukawjyklary olaryň boýunlaryna, goşarlaryna, injiklerine, tahýalaryna, kürtekçelerine berkidipdirler, dakypdyrlar.